Nakyllar 9:1—18

  • Akyldarlyk çagyrýar (1—12)

    • Akyldar bolsaň, uzak ýaşarsyň (11)

  • Akylsyz aýal çagyrýar (13—18)

    • «Ogurlanan suw süýji» (17)

9  Akyldarlyk* jaý saldy,Ýedi sütünini dikdi.   Mallaryny soýdy,Güýçli şerap ýasady,Saçagyny näz⁠-⁠nygmatdan doldurdy.   Kenizlerini ýollap,Şäher diňlerinde jar çekdirdi+:   «Eý tejribesizler*, bärik geliň!» Akyldarlyk düşünjesizlere şeýle diýýär:   «Geliň, saçak başyna geçiň,Güýçli şerapdan içiň.   Indi sadalygy* goýup, uzak ýaşaň+.Düşünje ýoluna gadam basyň»+.   Ýaňsylaýja öwüt berseň, utanja galarsyň+,Erbede nesihat berseň, zyýan çekersiň.   Ýaňsylaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener+. Akylly adama käýe, seni gowy görer+.   Akylly adama öwüt⁠-⁠ündew ber, has⁠-⁠da akylly bolar+. Dogruçyl adama öwret, düşünjesi artar. 10  Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr+.Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär+. 11  Akyldar bolsaň, uzak ýaşarsyň+,Uzak ömür sürersiň. 12  Akyldar bolsaň, özüň peýda taparsyň,Ýaňsylaýjy bolsaň, özüň zyýan çekersiň. 13  Akylsyz aýal galmagalçydyr+, Bilýän zady ýokdur. 14  Ol gapysynyň bosagasynda oturýar,Öýi şäheriň belent ýerinde gurlandyr+. 15  Geçip barýan adamlara,Öz ýoly bilen barýanlara diýýär: 16  «Eý tejribesizler*, bärik geliň!» Ol düşünjesizlere şeýle diýýär+: 17  «Ogurlanan suw süýjüdir,Gizlinlikde iýlen nahar bal ýalydyr»+. 18  Aýalyň öýi merhumlaryň mekanydyr,Myhmanlary mazara* inýär+,Olar mundan bihabardyr.

Çykgytlar

Ýa-da: Hakyky akyldarlyk.
Ýa-da: sadalar; ynanjaňlar.
Ýa-da: tejribesizligi; ynanjaňlygy.
Ýa-da: sadalar; ynanjaňlar.
Sözlüge serediň.