Nesihat 4:1—16

  • Jebir⁠-⁠jepa ölümden beter (1—3)

  • Paýhasly zähmet çekmek (4—6)

  • Dostuň gadyryny bilmek (7—12)

    • Iki bolanyň ýagşydyr (9)

  • Patyşanyň ömri biderek (13—16)

4  Men gök* astynda ýaşaýan adamlaryň çekýän jebir-jepalary hakda ýene-de oýlandym. Ezilýänleriň gözýaşyny gördüm, olara hiç kim göwünlik bermeýärdi+. Ezýänleriň elinde erk-ygtyýar* bardy, şol sebäpli ezilýänlere göwünlik berýän ýokdy.  Ölen adamlar dirilerden bagtlydyr+.  Emma dünýä inmedik+, gök astynda zalym işleri görmedik+ olardan has bagtlydyr.  Adamlar näçe zähmet çekse*, işine näçe ökde bolsa, şonça-da aralarynda bäsdeşlik döreýän eken+. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr.  Iki elini gowşuryp oturan akmak açlykdan öler*+.  Biraz* dynç almak agyr* zähmet çekmekden we şemaly kowalamakdan gowudyr+.  Men gök astynda ýene bir biderek zada üns berdim:  ýerden ýeke çykan adamyň ne ýoldaşy, ne zürýady, ne dogany bardyr. Ol dynman zähmet çekýär, baýlykdan gözi doýmaýar+. Ol özüne: «Men durmuşyň hözirini görmän, kim üçin agyr zähmet çekýärin?»+ diýmeýär. Bu-da biderek, boş hysyrdydyr+.  Ýeke bolanyňdan, iki bolanyň ýagşydyr+, sebäbi olar çeken zähmetinden bol bereket alar. 10  Biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma kömek edere ýoldaşy bolmadyk ýykylsa, oňa näme bolar? 11  Iki adam bile ýatsa ýylnar, emma ýeke ýatan nädip ýylnar? 12  Ýeke ýeňler, iki bolsa gaýtawul berer. Üç örüm ýüp çalt* üzülmez. 13  Maslahata gulak asmaýan, akylsyz+, garry patyşadan garyp, paýhasly ýaş ýigit gowudyr+. 14  Ol garry patyşanyň döwründe garyp bolup dünýä inse-de+, zyndandan çykyp tagtda oturdy+. 15  Men gök astyndaky ähli adamlara we patyşanyň tagtyna geçen ýaş ýigide syn etdim. 16  Onuň tarapyny tutýanlar köp bolsa-da, soňky geljekler ondan razy bolmazlar+. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr.

Çykgytlar

Sözme-söz: Gün.
Ýa-da: häkimiýet.
Ýa-da: tagalla etse.
Sözme-söz: öz etini özi iýer.
Sözme-söz: Bir gysym.
Sözme-söz: iki gysym.
Ýa-da: aňsat.