Nesihat 5:1—20
5 Hak Hudaýyň öýünde özüňi edepli alyp bar*+. Ol ýere akmaklar ýaly gurbanlyk bermek+ üçin däl-de, ünsli diňlemäge+ bar. Olar edýän işleriniň erbetdigine düşünýän däldir.
2 Hak Hudaýyň huzurynda geplemäge howlukma, oýlanman gepleme+. Hak Hudaý gökdedir, sen bolsa ýerdesiň, şonuň üçin köp gepleme+.
3 Gaýgy-aladasy köp adam düýş görýändir+, köp gepleýän ýaňra hem akylsyz zatlary aýdýandyr+.
4 Hudaýa wada berseň, gijikdirmän ýerine ýetir+, sebäbi ol akylsyzlary halaýan däldir+. Beren wadaňy berjaý et+.
5 Wada berip, berjaý etmäniňden, wada bermedigiň has gowudyr+.
6 Diliň bilen günä etme+. Allanyň perişdesiniň* öňünde: «Ýalňyşyp wada beripdirin» diýme+. Hak Hudaý beren sözüňe gaharlanyp, elleriň işini ýok edäýmesin+.
7 Gaýgy-aladadan ýaňa adamyň düýş görşi* ýaly+, ýaňra hem boş sözleri aýdýandyr. Ýöne sen hak Hudaýdan gork+.
8 Ýurtda garyp-gasarlar ezilse, adalat we dogruçyllyk ýok bolsa, geň galma+. Sebäbi her häkimiň özünden ýokary baştutany bardyr, olaryň hem üstünden seredýän baştutanlar bardyr.
9 Olar ýeriň hasylyny öz aralarynda paýlaşýar, hatda patyşanyň saçagyndaky näz-nygmatlar ekin meýdanyndan gelýär+.
10 Kümşi söýýän kümüşden, baýlygy söýýän gazançdan doýmaz+. Bu-da biderek+.
11 Mal-mülküň artsa, ondan peýdalanjaklar hem köpelýär+. Baý adam mal-mülküne guwanmakdan başga näme etsin?+
12 Hyzmatkär az iýse-de, köp iýse-de süýji uka gidýär. Emma baýyň mal-mülki ukudan goýýar.
13 Gök* astynda bir aýylganç ýagdaýy gördüm: baýlyk eýesine zyýan ýetirýär.
14 Adam bolgusyz işe baş goşup, baýlygyny ýitirýär. Ogly dünýä inende, goýara mirasy bolmaýar+.
15 Adam ýalaňaç dünýä inýär, ýalaňaç-da dünýäden ötýär+. Ol zähmet çekip, gazanan zadyny özi bilen äkidip bilmeýär+.
16 Ýene bir aýylganç ýagdaýy gördüm: adam dünýä nähili gelen bolsa, şeýle-de gider. Agyr zähmet çekip, şemaly kowalamakdan ne peýda?+
17 Ol iýen çöreginiň tagamyny bilmez, ömürboýy çöregini gaýgy-hasrat, hassalyk we gahar-gazap bilen iýer+.
18 Gowy we peýdaly zadyň nämedigine düşündim: hak Hudaýyň beren gysga ömrüniň içinde adam iýip içmeli+, gök astynda çeken zähmetiniň hözirini görmeli. Bu-da Allanyň berenidir*+.
19 Hak Hudaý adama baýlyk we mal-mülk berse, olary hezil edip ulanmaga ukybam berse+, ol adam çeken zähmetiniň hözirini görsün hem begenip işlesin. Bu-da Allanyň berenidir*+.
20 Adam ömrüniň nädip geçenini bilmän galýar, sebäbi hak Hudaý hemişe onuň ýüregini şatlykdan doldurýar+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: ädimleriňe dykgatly bol.
^ Ýa-da: habarçysynyň.
^ Ýa-da: arzuw edişi.
^ Sözme-söz: Gün.
^ Sözme-söz: sowgadydyr.
^ Sözme-söz: sowgadydyr.