Nesihat 6:1—12

  • Durmuşyň hözirini görmän dünýäden ötýär (1—6)

  • Bar zadyňdan lezzet al (7—12)

6  Gök* astynda köp adamlaryň başyna inýän ýene bir aýylganç ýagdaýy gördüm:  hak Hudaý adama baýlyk, mal-mülk, at-abraý berýär; ol hiç zada mätäç bolmaýar. Emma hak Hudaý olaryň hözirini görkezmeýär, üstesine-de, keseki adam mal-mülküne eýe çykýar. Bu-da biderek, agyr dertdir.  Eger adam uzak ömür sürse, ýüz çaganyň atasy bolup, garrylyk çagyna ýetse, emma durmuşyň hözirini görmän dünýäden ötse, öli doglan çaga ondan gowudyr+.  Sebäbi ol çaga biderek ýere doglup, tümlüge siňip gidýär, adyny garaňkylyk örtýär.  Ol Güni gören däldir we hiç zat bilýän däldir. Onuň ýagdaýy uzak ömür süren adamyňkydan gowudyr+.  Eger adam 2 000 ýyl ýaşabam, durmuşyň hözirini görmese näme peýdasy bar? Ähli adamlaryň barjak ýeri bir dälmi?+  Adam gara bokurdagy üçin agyr zähmet çekýär+, ýöne gözi doýmaýar.  Akyldaryň akmak adamdan näme artykmaçlygy bar?+ Garyp gün-güzeranyny dolandyrmagy bilse-de, oňa mundan ne peýda?  Ýok zadyň arzuwyny edeniňden, bar* zatlaryňdan lezzet alanyň ýagşydyr. Bu-da biderek, şemaly kowalamakdyr. 10  Ähli zadyň ady öňden goýlandyr, ynsanyň kimdigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez. 11  Köp sözüň* manysy ýokdur. Mundan adama ne peýda? 12  Kölege ýaly geçip gidýän, gysga we boş ömründe+ ynsan üçin nämäniň gowy boljakdygyny kim biler? Adam dünýäden ötse, kim ony yzyna getirip, gök astynda boljak zatlary aýdyp biler?

Çykgytlar

Sözme-söz: Gün.
Sözme-söz: görýän.
Başga manysy: zadyň.