Nesihat 7:1—29

  • Adamyň ýagşy ady we ölen güni (1—4)

  • Paýhasly adamyň käýinji (5—7)

  • Öňüň gelenden soňuň geleni gowudyr (8—10)

  • Akyldarlyk has gowudyr (11, 12)

  • Ýagşy we ýaman günler (13—15)

  • Öte dogruçyl bolma (16—22)

  • Nesihatçynyň gelen netijesi (23—29)

7  Ýagşy at* gymmatly ýagdan+, adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr.  Ýasa gitmek toýa gitmekden gowudyr+, sebäbi her kesiň başy ölümlidir. Hiç kim muny unutmasyn.  Gam-gussa gülküden ýagşydyr+, sebäbi ýüzüň gamgyn bolanda, ýüregiň arassalanýar*+.  Paýhasly adam ýasa baranda durmuşyň manysy hakda oýlanýar, akmak bolsa hemişe keýpi-sapa hakda pikir edýär+.  Akmagyň öwgüli sözlerini diňlemekden paýhasly adamyň käýinjini eşitmek ýagşydyr+.  Sebäbi akylsyzyň gülküsi gazanyň aşagynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr+. Bu-da biderek.  Zulum-sütem paýhasly adamy hem akylsyz edýär, para ýüregi azdyrýar+.  Öňüň gelenden soňuň geleni gowudyr. Sabyrly bolmak tekepbir bolmakdan ýagşydyr+.  Öýkelek bolma+, sebäbi öýke-kine akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar*+. 10  «Geçen günler şu günümden gowy eken» diýme, sebäbi paýhasly adam beýle diýmez+. 11  Mirasa paýhasly adam eýe bolsa gowudyr, sebäbi akyldarlyk ýagty jahanda ýaşaýanlar üçin bereketdir. 12  Pul köp ýagdaýlarda gorag bolýar+, şonuň ýaly akyldarlyk hem adamy goraýar+. Emma akyldarlyk we bilim has gowudyr, sebäbi adamyň janyny aman saklaýar+. 13  Hak Hudaýyň işleri hakda oýlan. Onuň egreldenini kim dogrulap biler?+ 14  Ýagşy günde şatlan+. Ýaman günde şuny ýatdan çykarma: ýagşy günem, ýaman günem hak Hudaý berdi+, şol sebäpli ynsan ertir başyna nämäniň geljekdigini bilýän däldir+. 15  Men manysyz* ömrümde+ köp zady gördüm: dogruçyl adam dogrulyk etse-de heläk bolýar+, erbet adam pislik etse-de uzak ömür sürýär+. 16  Öte dogruçyl bolma+, özüňi çendenaşa akyldar hasaplama+. Öz-özüňi heläk etmek nämä gerek?+ 17  Erbetlik etme*, akmaklyk hem etme+. Öz ömrüňi özüň gysgaltmak nämä gerek?+ 18  Şu nesihatyma berk ýapyşsaň, beýlekisini hem goýbermeseň ýagşy bolar+. Sebäbi Alladan gorkýan adam ählisini berjaý eder. 19  Paýhasly adamyň akyly ony şäherdäki on pälwandan hem güýçli edýär+. 20  Dünýäde diňe ýagşylyk edip, asla günä etmeýän dogruçyl adam ýok+. 21  Her bir aýdylan sözi ýüregiňe alma+, ýogsam hyzmatkäriň sen hakda aýdan ýaman sözlerini* eşidersiň. 22  Ýadyňda bolsa, senem başgalary ençeme sapar ýamanlapdyň+. 23  Men bularyň ählisini akyldarlyk bilen barlap görsem: «Akyldar bolaryn» diýdim. Emma olara doly akyl ýetirip bilmedim. 24  Gadymy döwürde bolan wakalar örän çuňdur, akyla sygýan däldir. Kim olara düşünip biler?!+ 25  Men akyldarlygy öwrenmegi, her bir zadyň sebäbini agtaryp tapmagy ýüregime düwdüm; akmaklaryň edýän pisligine, dälileriň akylsyz hereketine düşünjek boldum+. 26  Bir zada göz ýetirdim: ýüregi gapan kimin, elleri gandal ýaly, awçynyň duzagyna meňzeýän aýal ölümdenem ajy eken. Hak Allany razy edýän adam ondan gaçyp gutular+, emma günäkär adam ol aýalyň eline ýesir düşer+. 27  Nesihatçy+ şeýle diýýär: «Men bir zada düşündim. Belli bir netijä gelmek üçin ähli zady ýekän-ýekän agtardym, 28  gaýta-gaýta gözledim, emma agtaranymy tapmadym. Müň kişiniň arasyndan bir dogruçyl adam tapdym, emma olaryň arasyndan bir dogruçyl aýaly tapmadym. 29  Men şuňa düşündim: hak Hudaý ynsany dogruçyl edip ýaratdy+, ýöne olar öz nebsine çapýarlar»+.

Çykgytlar

Ýa-da: abraý.
Ýa-da: gowulanýar.
Başga manysy: akylsyzlygyň alamatydyr.
Ýa-da: biderek.
Ýa-da: Erbetlik etmekde ökdeleşme.
Sözme-söz: näletini.