Resullar 15:1—41
15 Ýahudadan Antakyýa gelen käbir şägirtler doganlara: «Musanyň tabşyryşy ýaly sünnetlenmeseňiz+, halas bolup bilmersiňiz» diýip öwredip başladylar.
2 Emma Pawlus bilen Barnabas olar bilen ylalaşman, çekeleşdiler. Şonda doganlar Pawlus bilen Barnabasy, başga-da käbir doganlary sünnetlenmek meseläni çözmek üçin Iýerusalimdäki resullaryň we ýaşulularyň ýanyna iberdiler+.
3 Ýygnagyň agzalary olary ýarty ýola çenli ugradyp, yzlaryna dolandylar. Pawlus, Barnabas we beýleki doganlar bolsa Finikiýa bilen Samariýa baryp, başga milletli adamlaryň Hudaýa sežde edip başlandyklaryny birin-birin gürrüň berdiler. Doganlar muny eşidip, örän begendiler.
4 Iýerusalime gelenlerinde, ýygnakdakylar, resullar we ýaşulular olary mähirli garşy aldylar. Pawlus bilen Barnabas Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini gürrüň berdiler.
5 Şonda öň fariseýleriň dini toparynyň agzasy bolanlaryň käbiri ýerinden turup: «Başga milletli doganlary sünnetlemeli, olara Musanyň kanunyny berjaý etmegi tabşyrmaly»+ diýdiler.
6 Şonda resullar we ýaşulular sünnetlenmek babatda maslahat etmek üçin ýygnanyşdylar.
7 Gyzgalaňly çekişmeden soň, Petrus ýerinden turup: «Doganlar, siz başga milletli adamlaryň hoş habary eşidip, iman etmekleri üçin Hudaýyň ilki meni saýlandygyny bilýänsiňiz+.
8 Ýürekleri bilýän Hudaý+ olara mukaddes ruhuny berip+, olardan razydygyny görkezipdi.
9 Iman edendikleri üçin+, Hudaý olaryň ýüregini arassalap, biziň bilen deň tutdy+.
10 Siz näme üçin ata-babalarymyzyň we biziň göterip bilmedik ýükümizi olaryň egnine atyp+, Hudaýy synaýarsyňyz?+
11 Biz hem olar ýaly Halypamyz Isanyň eden ýagşylygy+ arkaly halas boljakdygymyza iman edýäris»+ diýdi.
12 Şeýlelikde, oturanlaryň bary dymyp, Barnabas bilen Pawlusy diňlediler. Olar Hudaýyň kömegi bilen başga milletlere görkezen alamatlary we gudratlary hakda gürrüň berdiler.
13 Barnabas bilen Pawlus gürrüňini tamamlanda, Ýakup şeýle diýdi: «Doganlar, gulak asyň.
14 Simonyň+ birin-birin gürrüň berişi ýaly, Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär+.
15 Pygamberler kitabynda hem:
16 „Soňra men dolanyp, Dawudyň weýran bolan çadyryny dikelderin, haraba öwrülen ýerlerini abatlaryn.
17 Şonda beýleki adamlar hem meniň adymy göterýän ähli milletler bilen birlikde Ýehowany* ýürekden gözlärler. Muny aýdýan Ýehowa* hökman ýerine ýetirer+.
18 Men şeýle etmegi gadymy döwürde ýüregime düwüpdim“+ diýilýär.
19 Meniň pikirimçe, Hudaýa iman eden başga halklaryň üstüne agyr ýük atmaly däl+.
20 Ýöne olara butlara+ berlen sadakalardan, ahlaksyzlykdan*+, haram ölen* haýwanlaryň etinden we gandan+ gaça durmalydygyny aýdalyň.
21 Sebäbi gadymy döwürden bäri ähli şäherlerde Musanyň sözleri wagyz edilýär, ýazan kitaplary her Sabat güni* sinagogalarda okalýar»+.
22 Soňra resullar, ýaşulular we ýygnagyň agzalary özara maslahatlaşyp, Antakyýa iki adamy ibermegi makul bildiler. Olar Barsabat diýilýän Ýahudany we Silasy+ saýlap, Pawlus hem Barnabas bilen iberdiler. Olar doganlaryň arasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi.
23 Doganlar olar arkaly şeýle hat iberdiler:
«Biz resullar we ýaşulular Antakyýadaky+, Siriýadaky we Kilikiýadaky başga milletli doganlara salam ýollaýarys. Gadyrly doganlar,
24 şu ýerden baran käbir adamlaryň size kynçylyk döredýändigini eşitdik+. Olar biziň tabşyrmadyk zatlarymyzy aýdyp, imanyňyzy gowşatjak bolýarlar.
25 Biz iki adamy saýlap, olary gowy görýän doganlaryňyz Barnabas we Pawlus bilen ýanyňyza ibermegi biragyzdan makul bildik.
26 Barnabas bilen Pawlus Halypamyz Isa Mesihiň ady üçin janlaryny bermäge taýyndyrlar+.
27 Biziň ähli aýdanlarymyzy size ýetirer ýaly+, olaryň ýanynda Ýahuda bilen Silasy-da ýollaýarys.
28 Sebäbi biz mukaddes ruhuň+ kömegi bilen şu wajyp zatlardan başga hiç zady sizden talap etmezligi makul gördük:
29 butlara berlen sadakalardan+, gandan+, haram ölen* haýwanlaryň etinden+ we ahlaksyzlykdan*+ gaça duruň. Şu zatlary etmeseňiz, işiňiz ugruna bolar. Sag-salamat boluň!»
30 Doganlar Antakyýa ýola düşdüler. Ol ýere baryp, ähli doganlary çagyrdylar-da, haty berdiler.
31 Olar haty okap, örän ruhlandylar we ýürekden begendiler.
32 Ýahuda bilen Silas pygamber bolandyklary üçin ençeme nutuklar bilen çykyş edip, doganlary ruhlandyrdylar we imanyny berkitdiler+.
33 Olar Antakyýada birnäçe wagt bolandan soň, ýerli doganlar olary ýagşy arzuwlar bilen ugratdylar.
34 *——
35 Emma Pawlus bilen Barnabas Antakyýada galyp, doganlar bilen hoş habary wagyz etdiler we Ýehowanyň* sözüni öwretdiler.
36 Birnäçe günden Pawlus Barnabasa: «Ýör, indi* Ýehowanyň* sözüni wagyz eden şäherlerimize baryp, doganlaryň hal-ýagdaýyny soraly»+ diýdi.
37 Barnabas Markus diýilýän Ýahýany-da+ alyp gitmekçi boldy.
38 Emma Pawlus muny göwnemedi, sebäbi Markus Pamfiliýada olary taşlap gaýdypdy, wagyz etmäge kömek etmändi+.
39 Şonda olaryň arasynda şeýle uly dawa turdy* welin, hersi bir tarapa gitdi. Barnabas+ Markus bilen gämili Kipre gitdi.
40 Pawlus bolsa Silasy saýlady. Doganlar Ýehowanyň* Pawlus üçin ýagşylyk etmegini diläp, olary ugratdylar+.
41 Pawlus Siriýa we Kilikiýanyň üstünden geçip, ýygnaklary ruhy taýdan berkidýärdi.
Çykgytlar
^ Ýa-da: damakgany çykarylmadyk.
^ Ýa-da: damakgany çykarylmadyk.
^ Başga manysy: nähili bolaýanda-da.
^ Ýa-da: biri-birine gaharlanyp, çekeleşdiler.