Resullar 16:1—40
16 Pawlus Derbä, soňra Listra şäherine geldi+. Şol şäherde Timoteos+ atly şägirt bardy. Onuň ejesi Isa iman edýän ýehudydy, emma kakasy grekdi.
2 Timoteosyň Listradaky we Ikoniýadaky doganlaryň arasynda gowy abraýy bardy.
3 Pawlus ony ýany bilen alyp gitmek isledi, ýöne ýehudylar sebäpli sünnetledi+. Sebäbi hemmeler Timoteosyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.
4 Olar şäher-şäher aýlanyp, Iýerusalimdäki resullaryň, ýaşulularyň gelen kararyny aýdyp berýärdiler we olary berjaý etmegi tabşyrýardylar+.
5 Şeýlelikde, ýygnaklar ruhy taýdan berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy.
6 Emma mukaddes ruh olara Hudaýyň sözüni Aziýada wagyz etmegi gadagan etdi. Şonuň üçin olar Frigiýanyň we Galatýanyň+ üstünden geçip,
7 Misiýa geldiler, soňra Bitiniýa+ gitjek boldular, ýöne Isa mukaddes ruh arkaly olara rugsat bermedi.
8 Şeýlelikde, olar Misiýanyň üsti bilen Trowas şäherine geldiler.
9 Pawlusyň gije gören görnüşinde* makedoniýaly adam: «Makedoniýa gelip kömek et» diýip haýyş etdi.
10 Pawlus görnüş gören badyna Makedoniýa gitmek bilen bolduk, sebäbi Hudaý olary hoş habary wagyz etmäge iberýärdi.
11 Biz Trowasdan deňziň üsti bilen göni Samotrakiýa adasyna gitdik, ertesi gün Neapol şäherine bardyk.
12 Soňra Rimiň golastyndaky we Makedoniýa welaýatynyň merkezi şäheri Filipä+ gitdik. Ol ýerde birnäçe gün bolduk.
13 Sabat güni* şäheriň derwezesinden çykyp, derýanyň kenaryna bardyk, sebäbi şol ýerde doga edilýändir öýtdük. Biz gelen aýallara oturyp wagyz etdik.
14 Olaryň arasynda gyrmyzy reňkli gymmatbaha mata satýan tiýatiraly+ Lidiýa atly hudaýhon aýal bardy. Lidiýa Pawlusy ünsli diňledi, sebäbi Ýehowa* onuň ýüregini açypdy.
15 Ol bütin maşgalasy bilen suwa çümdürilip+, soňra: «Meni Ýehowa* wepaly hasaplaýan bolsaňyz, öýümde myhman galyň» diýip haýyş etdi. Şeýlelikde, ol bizi öýüne alyp gitdi.
16 Bir gün doga edilýän ýere barýarkak, içine jyn giren+ hyzmatkär gyza duşduk. Ol palçylyk edip*, hojaýynlary üçin köp pul gazanýardy.
17 Palçy gyz yzymyzdan galman: «Olar Allatagalanyň gullary+, size gutulyş habaryny yglan edýärler» diýip gygyrýardy.
18 Ol ençeme günläp yzlaryndan galman gygyryp ýörensoň, Pawlus ýadap, yzyna öwrüldi-de, jyna: «Isa Mesihiň ady bilen gyzyň içinden çykmagy buýurýaryn» diýdi. Jyn hem şol bada çykyp gitdi+.
19 Gyzyň hojaýynlary gazançsyz galandyklaryny görüp+, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, baştutanlaryň ýanyna süýräp alyp gitdiler+.
20 Olary şäher häkimleriniň ýanyna getirip, şeýle töhmet atdylar: «Şu adamlar parahat oturan halkymyzy bimaza edýärler+. Olar ýehudylar,
21 biziň, rimlileriň kanunyny bozýan däp-dessurlary halkymyza öwredýärler».
22 Şonda bütin märeke olara garşy aýaga galdy. Şäher häkimleri Pawlus bilen Silasyň eşiklerini çykaryp, taýak bilen ýençmegi buýurdylar+.
23 Olary ýenjip türmä basdylar. Türmäniň gözegçisine bolsa olar gaçmaz ýaly seretmegi tabşyrdylar+.
24 Şeýle berk buýruk berlensoň, gözegçi olaryň aýagyny gandallap, türmäniň iň içki gözenegine saldy.
25 Pawlus bilen Silas ýarygijä golaý doga edip, Hudaýyň şanyna aýdym aýtdylar+. Türmede oturanlar hem olary diňlediler.
26 Birdenkä güýçli ýer titräp, tutuş türmäni sarsdyrdy. Şonda onuň ähli gapylary açyldy we oturanlaryň hemmesiniň zynjyrlary üzüldi+.
27 Türmäniň gözegçisi ukudan oýanyp, gapylaryň açykdygyny gördi. Ol tussaglar gaçandyr öýdüp, gylyjy bilen özüni öldürjek boldy+.
28 Pawlus: «Öz janyňa kast etme! Hemmämiz otyrys» diýip gygyrdy.
29 Türmäniň gözegçisi çyralary getirdip, Pawlus bilen Silasyň ýanyna ylgap bardy-da, gorkudan ýaňa titräp dyza çökdi.
30 Soňra olary daşaryk çykaryp: «Agam, halas bolmak üçin näme etmeli?» diýdi.
31 Olar: «Halypamyz Isa iman et, şonda özüňem, bütin maşgalaňam halas bolar»+ diýdiler.
32 Pawlus bilen Silas oňa we bütin maşgalasyna Ýehowanyň* sözüni wagyz etdiler.
33 Türmäniň gözegçisi ýarygije olary äkidip, ýaralaryny bejerdi*. Soňra bütin maşgalasy bilen suwa çümdürildi+.
34 Türmäniň gözegçisi Pawlus bilen Silasy öýüne getirip, olaryň öňüne saçak ýazdy. Ol öý-içerisi bilen Hudaýa iman edendigine ýürekden begenýärdi.
35 Daň atanda, şäher häkimleri garawullary iberip: «Olary boşadyň» diýdi.
36 Türmäniň gözegçisi Pawlusa: «Şäher häkimleri ikiňizi-de boşadyň diýip adam iberipdir. Baryň, sag-aman gidiň» diýdi.
37 Pawlus bolsa: «Bize, Rimiň raýatlaryna höküm çykarylmanka, halkyň öňünde ýenjip+, türmä basdylar. Indi hiç kime bildirtmän boşatjak bolýarlarmy? Ýok, ol diýenleri bolmaz! Goý, özleri gelip boşatsynlar» diýdi.
38 Garawullar muny şäher häkimlerine habar berdiler. Olar Pawlus bilen Silasyň Rimiň raýatydygyny bilip juda gorkdular+.
39 Häkimler gelip, olara ýalbar-ýakar edip, türmeden çykardylar we şäherden gitmegi haýyş etdiler.
40 Pawlus bilen Silas türmeden çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar. Olar doganlar bilen görşüp, olary ruhlandyrdylar-da+, ýola düşdüler.
Çykgytlar
^ Ýa-da: ýuwdy.