Resullar 19:1—41

  • Pawlus Efesde; täzeden suwa çümdürilýärler (1—7)

  • Pawlus yhlasly öwredýär (8—10)

  • Jynlar garşy bolsa⁠-⁠da, üstünlik gazanýarlar (11—20)

  • Efesdäki gozgalaň (21—41)

19  Apollos+ Korinfdekä, Pawlus Aziýanyň içi bilen Efese geldi+. Şol ýerde Pawlus käbir şägirtler bilen görüşdi.  Pawlus olara: «Isanyň şägirdi bolanyňyzda üstüňize mukaddes ruh indimi?»+ diýdi. Olar: «Biz⁠-⁠ä mukaddes ruhuň inýändigini bilemizok» diýdiler.  Pawlus: «Onda siz nädip suwa çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň öwredişi ýaly suwa çümdürildik»+ diýdiler.  Pawlus: «Ýahýanyň suwa çümdürmegi toba etmegi aňladýar+. Ol özünden soňra geljek Isa iman etmäge çagyrýardy»+ diýdi.  Olar muny bilenlerinden soňra, Halypamyz Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.  Pawlus olaryň üstüne elini goýanda, olara mukaddes ruh indi+. Şonda olar dürli dillerde gepläp, pygamberlik edip başladylar+.  Olar 12 adamdy.  Pawlus üç aýlap sinagogada+ delilleri getirip, Hudaýyň Patyşalygy barada batyrgaý gürrüň berdi+.  Emma käbirleri Halypamyzyň ýoluna+ dil ýetirip, iman etmek islemediler. Şonda Pawlus şägirtler bilen olaryň ýanyndan gaýtdy+. Ol Tiranusyň mekdebinde her gün sapak bererdi. 10  Pawlus şol mekdepde iki ýyllap tälim berdi. Şeýlelikde, Aziýada ýaşaýan ähli adamlar, ýehudylaram, greklerem Hudaýyň sözüni eşitdiler. 11  Hudaý Pawlus arkaly uly gudratlary görkezýärdi+. 12  Hatda onuň donuny we öňlügini syrkawlara berenlerinde+, olar sagalýardy, jynlar hem adamlardan çykýardy+. 13  Enteşip ýören käbir ýehudylar hem Halypamyz Isanyň ady bilen jynlary kowmak üçin: «Pawlusyň wagyz edýän Isasy arkaly çykmagy buýurýaryn»+ diýýärdiler. 14  Ýehudylaryň Skiwa atly uly ruhanysynyň ýedi ogly hem şeýle zatlary edýärdi. 15  Zalym ruh bolsa: «Men Isany+, Pawlusy tanaýaryn+. Ýöne siz kim?» diýdi. 16  Jynly adam topulyp, olary ýekän⁠-⁠ýekän ýençdi. Olar ýarym⁠-⁠ýalaňaç, endam⁠-⁠jany gök⁠-⁠ala bolup, öýden gaçyp gitdiler. 17  Bolan wakany Efesde ýaşaýan ähli adamlar, ýehudylaram, greklerem eşitdi. Şonda hemmeler gorkdular, Halypamyz Isanyň ady bolsa beýgeldi. 18  Isanyň şägirdi bolanlaryň köpüsi gelip, öňki eden erbet işlerini boýun aldylar. 19  Jadygöýlik edýän adamlaryň köpüsi kitaplaryny üýşürip, hemmeleriň öňünde ýakdylar+. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda 50 000 kümüş pula deň boldy. 20  Şeýlelikde, Ýehowanyň* sözi gitdigiçe ýaýrap, barha güýçlenýärdi+. 21  Soňra Pawlus Makedoniýanyň+ we Ahaýýanyň üstünden geçip, Iýerusalime barmagy ýüregine düwdi+. Ol: «Men Iýerusalimden soň, Rime⁠-⁠de gitmeli»+ diýdi. 22  Ol kömekçileri Timoteos+ bilen Erastosy+ Makedoniýa ugradyp, özi birnäçe wagtlap Aziýada boldy. 23  Şol wagt Halypamyzyň ýolundan ýöremek+ babatda dawa turdy+. 24  Artemidanyň buthanasynyň heýkeljiklerini ýasaýan kümüş ussa Dimitris kärdeşlerine köp gazanç getirýärdi+. 25  Ol özi ýaly ussalary ýygnap: «Dostlar, biz edýän işimizden köp girdeji alýarys. 26  Ýöne görüp⁠-⁠eşidişiňiz ýaly, Pawlus diýilýän adam ynsan eli bilen ýasalan taňrylar hakyky däl diýip wagyz edýär+. Ol muny diňe Efesde+ däl, bütin Aziýada ýaşaýan adamlara ynandyrdy. 27  Men diňe kärimiziň däl⁠-⁠de, beýik taňry Artemidanyň* buthanasynyň abraýdan düşmeginden gorkýaryn. Artemida taňrysyna tutuş Aziýa we bütin dünýä sežde edýär. Indi bolsa onuň şan⁠-⁠şöhratyny depelejek bolýarlar» diýdi. 28  Şonda diňläp duran adamlar gahar⁠-⁠gazaba münüp: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip gygyryşdylar. 29  Şeýlelikde, bütin şäheriň halky galagoplyga düşüp, teatra tarap ylgaşyp gitdiler. Olar Pawlusyň kömekçileri makedoniýaly Gaý bilen Aristarhusy+ hem süýräp teatra alyp girdiler. 30  Şonda Pawlus adamlaryň ýanyna barjak boldy, ýöne şägirtler ony goýbermediler. 31  Teatrda baýramçylyklary we ýaryşlary geçirýänleriň käbiri⁠-⁠de Pawlusa ýagşy niýet bilen habar ýolladylar. Olar Pawlus janyny howp astyna salmasyn diýip, teatra barmazlygy haýyş etdiler. 32  Gelenleriň hersi bir zat diýip gygyryşýardy. Märeke howsala düşdi, olaryň käbiri näme üçin gelendigini⁠-⁠de bilmeýärdi. 33  Şonda Isgenderi märekäniň arasyndan çekip aldylar. Ýehudylar ony itekläp öňe çykardylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde ýagdaýy düşündirjek boldy. 34  Ýöne märeke Isgenderiň ýehudydygyny bilende: «Efeslileriň Artemidasy beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdy. 35  Ahyry şäher häkimi märekäni köşeşdirip: «Eý efesliler! Beýik Artemidanyň buthanasyny we onuň gökden inen şekilini Efes şäheri goraýandyr. Muny bilmeýän barmy? 36  Muňa hiç hili şübhe ýokdur. Rahatlanyň, ganygyzmalyk edäýmäň. 37  Siziň getiren adamlaryňyz buthanany⁠-⁠da talamady, taňrymyza⁠-⁠da dil ýetirmedi. 38  Dimitris+ bilen kärdeşleri olary aýyplamak isleýän bolsa, goý, kazyýet günleri welaýat häkiminiň* ýanyna barsynlar. Olar arz⁠-⁠şikaýatyny şonda aýtsynlar. 39  Siziň pikiriňizçe, olar bikanun iş eden bolsalar, onda kanuna laýyk hem çözülmelidir. 40  Märekäni hiç hili esassyz üýşürmegimiz örän howply, sebäbi bizi gozgalaňçy hökmünde aýyplamaklary mümkin» diýdi. 41  Ol sözüni tamamlap, märekäni dargatdy.

Çykgytlar

Aýal taňry göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: prokonsulyň. Sözlüge serediň.