Resullar 20:1—38
20 Goh-galmagal ýatyşanda, Pawlus şägirtleri çagyryp, olary ruhlandyrdy. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ýola düşdi.
2 Pawlus şol ýerlere aýlanyp doganlary ruhlandyryp, Gresiýa gitdi.
3 Pawlus ol ýerde üç aý bolup, soňra gämide Siriýa gitmekçi boldy. Emma ýehudylaryň dildüwşük gurnandygyny bilende+, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmagy makul gördi.
4 Onuň ýanynda weriýaly Pirrosyň ogly Sopater, selanikli Aristarhus+ bilen Sekundus, derbili Gaý, Timoteos+ we aziýaly Tihikus+ bilen Trofimus+ bardy.
5 Olar bizden has öň gidip, Trowasda garaşdylar.
6 Emma Petir baýramyndan+ soň, biz gämili Filipiden gaýtdyk we bäş günde Trowasa baryp, ol ýerde ýedi gün bolduk.
7 Hepdäniň birinji güni* saçak başynda otyrkalar, Pawlus olara ýüzlenip, söz sözledi, sebäbi ertesi ýola düşmekçidi. Onuň gürrüňi ýarygijä çenli dowam etdi.
8 Biziň oturan ýokarky otagymyz çyralardan doludy.
9 Pawlus gürrüň berip durka, äpişgede oturan Eftih atly oglan uklap galdy. Oglany agyr uky basypdyr welin, ol üçünji gatdan ýykyldy. Aşak düşüp görseler, Eftih eýýäm jan beren eken.
10 Pawlus aşak düşdi-de, oglany gujaklap+: «Galmagal etmäň, ol diri»+ diýdi.
11 Soňra Pawlus ýokarky otaga çykyp, iýip-içmek üçin saçak başyna geçdi. Ol daň atýança gürrüň edip, soňra ýola düşdi.
12 Olar oglanyň diridigine biçak begenip, ony alyp gitdiler.
13 Biz Pawlusyň aýdyşy ýaly, ondan öň gämide Asosa baryp, şol ýerde ony garşy almalydyk. Sebäbi onuň özi pyýada barmakçydy.
14 Ol Asosda yzymyzdan ýetende, ýanymyza gämä mündürip, Mitlene gitdik.
15 Biz gämili ýüzüp, bir gün geçensoň Higosa bardyk. Ertesi güni Samosa ýetdik we biraz durup, ertesi güni Milete bardyk.
16 Pawlus Aziýada köp eglenmejek bolup, Efese+ barmady. Sebäbi ol Iýerusalimde geçirilýän Pentikost baýramyna ýetişmek isleýärdi+.
17 Pawlus Miletden Efese habar ýollap, ýygnak ýaşulularyny ýanyna çagyrdy.
18 Ýaşulular ýanyna gelende, Pawlus olara şeýle diýdi: «Aziýa gelen günümden bäri siziň araňyzda özümi nähili alyp barandygymy bilýänsiňiz+.
19 Men Halypamyza kiçigöwünlilik*+ bilen gulluk etdim we gözýaşlar döküp, köp görgi gördüm. Sebäbi ýehudylar dildüwşük gurnap, janymyň kastyna çykdylar.
20 Size peýdaly zatlary öwretmekden, jemagatyň öňünde+ we öýden-öýe aýlanyp+, öwretmekden çekinmedim.
21 Men ýehudylara-da, greklere-de toba edip+, Hudaýa we Halypamyz Isa iman etmekleri hakda birkemsiz wagyz etdim+.
22 Indi bolsa mukaddes ruhuň aýdyşy ýaly Iýerusalime barýaryn. Ol ýerde başyma nämeleriň injekdigini bilemok.
23 Emma mukaddes ruh maňa her şähere baranymda tussag ediljekdigimi we görgi görjekdigimi duýdurýar+.
24 Ýöne men janymy gaýgyrmaýaryn. Diňe Hudaýyň ýagşylygy barada hoş habary birkemsiz wagyz edip, özüme tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirmek we Halypamyz Isanyň ynanan işini soňuna çenli berjaý etmek isleýärin+.
25 Bilşiňiz ýaly, men size Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etdim, ýöne indi hiç biriňiz meni görmersiňiz.
26 Men hiç bir adamyň ganyna galmadym, siz muňa şaýatsyňyz+.
27 Men Hudaýyň öwüt-nesihatlaryny hemişe gürrüň berýärdim+.
28 Özüňize ünsli boluň+, tutuş sürä göz-gulak boluň, sebäbi mukaddes ruh sizi Hudaýyň ýygnagyny bakmak+ üçin gözegçi*+ edip belledi. Ol ýygnagy Oglunyň gany bilen satyn aldy+.
29 Men gidenimde, araňyza ýyrtyjy möjekler girer+. Olar sürä rehim etmezler.
30 Siziň araňyzdan-da şägirtleri yzyna eýertmek üçin hakykaty ýoýjaklar çykar+.
31 Siz bolsa oýa boluň! Meniň üç ýyllap+ gije-gündiz gözýaş döküp, her biriňize elmydama öwüt-nesihat berendigimi unutmaň.
32 Indi bolsa men sizi Hudaýa we bereketli* sözüne tabşyrýaryn. Söz size güýç berer we Hudaýyň mukaddeslere berýän mirasyny almaga kömek eder+.
33 Men hiç kimiň kümşüne, altynyna ýa-da egin-eşigine göz gyzdyrmadym+.
34 Siz meniň özüm we eginme-egin işleşen ýoldaşlarym üçin öz elim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz+.
35 Men agyr zähmet çekdim, ejizlere kömek etdim, ähli zatda görelde görkezdim+. Siz Halypamyz Isanyň: „Bermek almakdan has bagtly edýändir“+ diýen sözlerini unutmaly dälsiňiz».
36 Pawlus sözüni tamamlandan soň, dyza çöküp, hemmeler bilen bile doga etdi.
37 Şonda olar aglaşdylar we Pawlusy gujaklap mähirli ogşadylar.
38 Olar Pawlusy gaýdyp görmejekdiklerine has-da gynandylar+. Soňra ony gämä çenli ugratdylar.
Çykgytlar
^ Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
^ Ýa-da: pikirimde pesgöwünlilik.
^ Ýa-da: çopan.
^ Ýa-da: ýagşy.