Resullar 21:1—40

  • Pawlus Iýerusalime gidýär (1—14)

  • Pawlus Iýerusalime gelýär (15—19)

  • Pawlus ýaşulularyň maslahatyna eýerýär (20—26)

  • Ybadathanada gopgun turýar; Pawlus tussag edilýär (27—36)

  • Pawlus märekä ýüzlenmek isleýär (37—40)

21  Biz olar bilen hoşlaşyp, deňziň üsti bilen Kosa geldik. Ertesi gün Rodosa, ondan soň Patara bardyk.  Ol ýerde Finikiýa gidýän gämini tapdyk⁠-⁠da, şoňa münüp, ýolumyzy dowam etdik.  Kipr adasyna golaýlasak⁠-⁠da, gämi duralgasynyň ýanyndan geçip, Siriýa tarapa ýüzdük we Tirde düşledik. Ol ýerde gäminiň ýüküni düşürdiler.  Biz bolsa şägirtleri gözläp tapdyk we olaryň ýanynda ýedi gün bolduk. Doganlar mukaddes ruh arkaly Pawlusa Iýerusalime gitmezligi gaýta⁠-⁠gaýta aýtdylar+.  Biz gaýtmaly günümiz ýola düşdük. Bizi ugratmaga hemmeler, hatda aýallar bilen çagalar hem geldiler. Olar bizi gämi duralgasyna çenli ugratdylar. Biz kenara baranymyzda, dyza çöküp doga etdik.  Biz hoşlaşyp, gämä mündük, olar bolsa öýlerine gaýtdylar.  Biz Tirden gämili gaýdyp, Ptolemeýe geldik. Ol ýerde doganlar bilen görşüp, olaryň ýanynda bir gün galdyk.  Ertesi gün ýola çykyp, Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipusyň öýüne bardyk. Ol resullar tarapyndan saýlanan ýedi doganyň biridi+. Biz onuň öýünde bolduk.  Filipusyň durmuşa çykmadyk dört sany pygamber gyzy bardy+. 10  Biz onuň öýünde ençeme gün bolanymyzdan soň, Ýahudadan Agabus pygamber+ geldi. 11  Ol gelip, Pawlusyň guşagyny aldy⁠-⁠da, el⁠-⁠aýagyny daňyp: «Mukaddes ruh şeýle diýýär: „Iýerusalimde ýehudylar guşagyň eýesini şeýdip daňarlar+ we başga halklaryň eline tabşyrarlar“»+ diýdi. 12  Şonda ählimiz Pawlusa Iýerusalime gitme diýip ýalbaryp başladyk. 13  Pawlus bolsa: «Näme üçin aglaşyp, ýüregimi dilim⁠-⁠dilim edýäňiz?* Men Iýerusalimde diňe bir daňylmaga däl, Halypamyz Isanyň adynyň hatyrasyna ölmäge⁠-⁠de taýyn»+ diýdi. 14  Biz Pawlusy yryp bilmedik, şonuň üçin garşy çykman: «Goý, Ýehowanyň* islegi bolsun!» diýdik*. 15  Soňra biz Iýerusalime gitmek üçin taýýarlandyk⁠-⁠da, ýola düşdük. 16  Kaýsariýadan gelen käbir şägirtler hem biziň bilen gaýtdylar. Olar bizi ilkinji şägirtleriň biri kiprli Minasonyň öýüne alyp gitdiler. Ol hem bizi myhman aldy. 17  Iýerusalime gelenimizde, doganlar bizi gujak açyp garşy aldylar. 18  Ertesi gün Pawlus bilen Ýakubyň+ ýanyna bardyk welin, ähli ýaşulular hem üýşdi. 19  Pawlus olar bilen saglyk⁠-⁠amanlyk soraşandan soň, Hudaýyň kömegi bilen eden işlerini we başga halklara wagyz edişini birin⁠-⁠birin gürrüň berdi. 20  Olar Pawlusyň gürrüňini diňläp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra şeýle diýdiler: «Dogan, görýäňmi, müňlerçe ýehudylar Isanyň şägirdi boldular. Olar Töwrada yhlasly eýerýärler+. 21  Emma olar sen hakda şeýle zatlary eşidipdirler: sen başga halklaryň arasynda ýaşaýan ýehudylara Musanyň kanunyna garşy gelýän zatlary öwredýärmişiň. Olara çagalaryňyzy sünnetlemäň, däp⁠-⁠dessurlary berjaý etmäň diýenmişiň+. 22  Indi biz näme edeli? Olar seniň geleniňi eşiderler. 23  Gowusy, şeýle et. Ine, Hudaýa wada beren dört adam bar. 24  Olary ýanyňa alyp, däp boýunça tämizleniň. Tölegini töläp, olaryň saçlaryny aldyr. Şonda hemmeler sen barada aýdylan gep⁠-⁠gürrüňleriň ýalandygyna we Töwrada eýerip, dogry ýoldan ýöreýändigiňe göz ýetirerler+. 25  Iman eden başga milletli adamlara bolsa, butlara berlen sadakalardan+, gandan+, haram ölen* haýwanlaryň etinden+ we ahlaksyzlykdan*+ gaça durmagy tabşyryp, gelen kararymyz barada hat ýolladyk». 26  Ertesi gün Pawlus ýaňky adamlar bilen däp boýunça tämizlendi+. Soňra ol tämizlenme günleriniň haçan tamamlanjakdygyny ruhanylara aýtmak üçin ybadathana girdi. Sebäbi tämizlenme günleri tamamlananda, ruhany olaryň hersi üçin gurbanlyk getirmelidi. 27  Ýedi gün tamamlanyp barýarka, Aziýadan gelen ýehudylar Pawlusy ybadathanada görüp, bütin märekäni öjükdirdiler. Olar Pawlusy tutup: 28  «Eý ysraýyl halky, kömek ediň! Ol ähli ýerde halkymyz, Töwrat we ybadathana hakda erbet zatlary öwredýär. Ol ybadathana grekleri hem getirip, mukaddes ýeri haram edýär»+ diýip gygyrdylar. 29  Sebäbi olar Pawlus bilen efesli Trofimusyň+ şähere gelendigini görüp, ony ybadathana⁠-⁠da getirendir öýtdüler. 30  Tutuş şäher galagoplyga düşdi. Adamlar ybadathana ylgap geldiler⁠-⁠de, Pawlusy tutdylar. Ony daşaryk süýräp çykaryp, dessine gapylary ýapdylar. 31  Olar Pawlusy öldürjek bolanlarynda, Iýerusalimde turan gozgalaň barada goşun serkerdesine habar berdiler. 32  Ol derrew esgerleri bilen ýüzbaşylary alyp, märekäniň üýşen ýerine tarap ylgady. Adamlar goşun serkerdesini we esgerleri görüp, Pawlusy urmagyny goýdular. 33  Goşun serkerdesi gelip, Pawlusy tussag etdi we iki zynjyr bilen baglamagy buýurdy+. Soňra onuň kimdigini we näme iş edendigini sorady. 34  Adamlaryň hersi bir zat diýip gygyrýardy. Goşun serkerdesi goh⁠-⁠galmagaldan ýaňa hiç zada düşünmedi. Şonuň üçin Pawlusy esgerleriň bolýan jaýyna alyp gitmegi tabşyrdy. 35  Pawlus basgançaga ýetende, märeke gahar⁠-⁠gazap bilen topuldy. Şonda esgerler onuň goltugyndan göterip alyp gitdiler. 36  Märeke olaryň yzyndan galman: «Öldüriň ony!» diýip gygyryşdy. 37  Olar esgerleriň jaýyna ýetip barýarkalar, Pawlus goşun serkerdesinden: «Bir zat aýtsam bolarmy?» diýip sorady. Ol: «Sen grekçe bilýäňmi? 38  Onda sen eli gylyçly 4 000 adamy çöle çykaryp, gozgalaň turzan müsürli däl ekeniň» diýdi. 39  Pawlus: «Men ýehudy+, Kilikiýanyň ady belli Tarsus şäherinden+. Rugsat beriň, halka bir agyz söz aýdaýyn» diýdi. 40  Goşun serkerdesi Pawlusa rugsat berdi. Ol hem basgançakda durup, adamlara eli bilen yşarat etdi. Märeke köşeşende, Pawlus halka ýewreý dilinde+ ýüzlendi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gowşatjak bolýaňyz?
Sözme⁠-⁠söz: diýip dymdyk.
Ýa⁠-⁠da: damakgany çykarylmadyk.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.