Resullar 7:1—60
7 Baş ruhany bolsa: «Olaryň aýdýany dogrumy?» diýip sorady.
2 Stefanus şeýle jogap berdi: «Doganlar, atalar, gulak asyň! Atamyz Ybraýym Harana gitmänkä+, heniz Mesopotamiýada ýaşaýarka, oňa Hudaýyň şöhraty göründi.
3 Hudaý oňa: „Watanyňy, dogan-garyndaşlaryňy goýup, meniň görkezjek ýurduma git“+ diýdi.
4 Ybraýym haldeýleriň ýurdundan gaýdyp, Haranda ýaşap başlady. Ýöne kakasy aradan çykansoň+, Hudaý häzirki ýaşaýan ýurduňyza göçmegi tabşyrypdy+.
5 Hudaý oňa şu ýurtdan bir garyş ýer hem miras bermedi. Ybraýymyň çagasy bolmasa-da, Hudaý ýurdy onuň nesline berjekdigini wada etdi+.
6 Şeýle-de Hudaý onuň nesliniň ýat ýurtda gelmişek boljakdygyny we halklaryň olary 400 ýyllap gul edip ezjekdigini aýtdy+.
7 Hudaý: „Olary gul eden halka jeza bererin+. Olar ýat ýurtdan gaýdyp, maňa şu ýerde sežde ederler“+ diýdi.
8 Şeýlelikde, Hudaý Ybraýym bilen sünnetlenmek babatda äht baglaşdy+. Ybraýym ogly Yshagy+ sekiz günlükkä sünnetledi+. Yshak Ýakubyň atasydy*, Ýakup hem 12 taýpanyň atasydy.
9 Ata-babalarymyz Ýusuba göriplik edip+, ony Müsüre satdylar+. Emma Hudaý Ýusuby goldaýardy+.
10 Hudaý ony ähli bela-beterlerden gorady, akyl-paýhas berip, Müsür patyşasynyň hormatyny gazanmaga kömek etdi. Faraon Ýusuby Müsüre we köşgüne häkim edip belledi+.
11 Soňra Müsüre we Kengana açlyk düşdi. Şeýle bir kyn döwür boldy welin, ata-babalarymyz iýere zat tapmadylar+.
12 Ýakup Müsür ýurdunda azygyň boldugyny eşidip, ogullaryny iberdi+.
13 Olar ikinji gezek Müsüre gelende, Ýusup özüni tanatdy. Faraon hem Ýusubyň maşgalasy hakda eşitdi+.
14 Şeýlelikde, Ýusup kakasy Ýakuby we dogan-garyndaşlaryny çagyrdy+. Olar 75 adamdy+.
15 Ýakup Müsüre gelip ýaşady+, şol ýurtda-da aradan çykdy+. Ata-babalarymyz hem Müsürde aradan çykdylar+.
16 Olary Şekemdäki mazarda jaýladylar. Ybraýym şol mellegi Hamor ogullaryndan kümüş pula satyn alypdy+.
17 Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň ýerine ýetmeli wagty ýetip gelýärdi. Ýakubyň nesli Müsürde günsaýyn köpelýärdi.
18 Şol döwür Müsürde Ýusuby tanamaýan adam patyşa boldy+.
19 Ol mekirlik bilen halky gyrmak üçin, ata-babalarymyzy bäbeklerinden geçmäge mejbur etdi+.
20 Şol wagtlar Musa doguldy, ol enaýyjady*, üç aýlap ene-atasynyň ýanynda boldy+.
21 Emma ene-atasy oglundan geçmeli boldy+, ýöne faraonyň gyzy ony alyp, ogly ýaly terbiýeledi+.
22 Musa müsürlileriň iň gowy bilimini aldy. Ol akylly-paýhasly we başarjaň adamdy+.
23 Musa 40 ýaşyna ýetende, doganlaryny, Ysraýyl ogullaryny görmegi ýüregine düwdi+.
24 Bir gezek Musa müsürliniň Ysraýyl ogluna sebäpsiz ýere azar berýändigini gördi. Şonda ol doganynyň aryny alyp berjek bolup müsürlini öldürdi.
25 Musa: „Hudaý men arkaly ysraýyllary halas edýär. Doganlarym hem muňa düşüner“ diýip pikir etdi, ýöne olar düşünmediler.
26 Ertesi gün Musa seretse, ysraýyllardan iki adam urşup dur. Musa olary ýaraşdyrjak bolup: „Näme üçin uruşýarsyňyz? Siz dogan ahyryn“ diýdi.
27 Doganyny urup duran adam Musany itip: „Kim seni hökümdar ýa-da kazy edip belledi?
28 Düýn müsürlini öldürişiň ýaly, menem öldürjek bolýaňmy?“ diýdi.
29 Musa muny eşidip, Müsürden gaçyp gitdi-de, Midýan ýurdunda ýaşady. Soňra ol öýlendi, onuň iki ogly boldy+.
30 Şondan 40 ýyl geçende, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran ýandakdan bir perişde göründi+.
31 Musa perişdäni görüp haýran galdy. Ol ýanyp duran ýandagy görmek üçin golaýlaşanda, Ýehowanyň* sesi eşidildi:
32 „Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“+. Musa gorkudan ýaňa titräp, ýandagyň golaýyna baryp bilmedi.
33 Ýehowa* oňa: „Aýagyňdaky çarygy çykar, duran ýeriň mukaddesdir.
34 Halkymyň Müsürde çekýän jebir-jepasyny gördüm, ahy-nalasyny eşitdim+, olary halas etmek üçin geldim. Seni Müsüre iberýärin“ diýdi.
35 Ysraýyllar Musa: „Kim seni hökümdar ýa-da kazy edip belledi?“+ diýdiler. Ýöne Hudaý ýandagyň içinden perişde arkaly gepleşip, halkyny halas etmek üçin ony ýolbaşçy edip belläpdi+.
36 Musa Müsürde+, Gyzyl deňizde+ we çölde 40 ýyllap köp gudrat hem alamat görkezip+, olara ýolbaşçylyk etdi+.
37 Musa ysraýyl halkyna: „Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar“+ diýipdi.
38 Ol ysraýyl halky bilen çölde boldy, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip+, Hudaýyň mukaddes we diri sözlerini ata-babalarymyza ýetirdi+.
39 Ata-babalarymyz gulak asman, ondan ýüz öwürdiler+ we Müsüre dolanmagy arzuw etdiler+.
40 Olar Haruna: „Bize ýol görkezer ýaly taňry ýasa. Müsürden çykaran Musa diýen adama näme bolandygyny bilemizok“+ diýdiler.
41 Olar göle ýasap, gurbanlyk berdiler. Öz elleri bilen ýasan zadyna guwanyp, şatlyk-şagalaň etdiler+.
42 Hudaý bolsa halkdan ýüz öwrüp, olara Güne, Aýa we ýyldyzlara sežde etmäge ýol berdi+. Olar hakda Pygamberler kitabynda: „Eý Ysraýyl öýi, çölde 40 ýyllap gurbanlyklary we sadakalary maňa berdiňizmi?
43 Ýok! Siz Molohyň çadyryny+, Repan taňrysynyň ýyldyzyny ýasap, sežde etmek üçin olary ýanyňyzdan aýyrmaýardyňyz. Şonuň üçin sizi Wawilondan hem uzaga sürgün ederin“+ diýilýär.
44 Çölde Hudaýyň ata-babalarymyzy goldaýandygyny görkezýän çadyr bardy. Hudaý şol çadyry Musa görkezen nusgasyna görä ýasamagy tabşyrypdy+.
45 Ata-babalarymyz çadyry Ýuşa bilen başga halklaryň ýurduna getirdiler+. Hudaý ata-babalarymyzyň hatyrasyna ýurduň halkyny kowup çykardy+. Çadyr Dawudyň günlerine çenli şol ýerde durdy.
46 Dawut Hudaýy razy edip, Ýakubyň Hudaýy üçin öý gurmaga rugsat sorady+.
47 Emma Hudaý üçin öýi Süleýman gurdy+.
48 Pygamberiň aýdyşy ýaly, Allatagala ynsan eli bilen ýasalan öýde ýaşamaýar+. Ol şeýle diýdi:
49 „Ýehowa* aýdýar: Gök meniň tagtym+, ýer basgançagym+. Maňa nähili jaý saljak bolýarsyňyz? Öýüm nirede bolar?
50 Ähli zady elim bilen ýasamadymmy näme?“+
51 Eý özdiýenli halk, siziň gulagyňyz ker bolupdyr, ýüregiňiz gatapdyr*. Siz ata-babalaryňyz ýaly hemişe mukaddes ruha garşy çykýarsyňyz+.
52 Ata-babalaryňyzyň azar bermedik pygamberi barmy?+ Olar dogruçyl adamyň geljekdigi hakda aýdan pygamberleri öldürdiler+. Siz bolsa dogruçyl adama dönüklik etdiňiz, ony öldürdiňiz+.
53 Hudaý size perişdeleri arkaly Töwrat kitabyny berdi+, emma siz oňa eýermediňiz».
54 Stefanusy diňläp duran adamlar gahar-gazaba münüp, dişlerini gyjap başladylar.
55 Stefanus mukaddes ruhdan dolup, göge seredende, şöhratly Hudaýy we sagynda duran Isany gördi+.
56 Şonda Stefanus: «Gögüň açylandygyny, Ynsan oglunyň+ Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin»+ diýdi.
57 Olar bolsa gygyryşyp, elleri bilen gulaklaryny ýapdylar-da, Stefanusyň üstüne topuldylar.
58 Soňra ony şäheriň daşyna çykaryp daşladylar+. Ýalan şaýatlyk edenler+ donlaryny çykaryp, Sawul atly ýigidiň ýanynda goýdular+.
59 Olar daşlap durka, Stefanus: «Halypam, Isa! Ruhumy kabul et» diýdi.
60 Stefanus dyza çöküp, batly ses bilen: «Ýehowa*, olara günäsi üçin jeza berme»+ diýip jan berdi*.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Yshak ony sünnetledi.
^ Ýa-da: Hudaýyň nazarynda owadandy.
^ Sözme-söz: gulagyňyz we ýüregiňiz sünnetsiz.
^ Sözme-söz: ölüm ukusyna gitdi.