Rimliler 3:1—31
3 Onda ýehudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Ýa-da sünnetlenmegiň näme peýdasy bar?
2 Olaryň köp zatda peýdasy bar. Sebäbi Hudaýyň mukaddes sözleri ilki ýehudylara ynanyldy+.
3 Ýehudylaryň käbiri Hudaýa iman etmeýärler. Olaryň iman etmeýändigi üçin başga adamlar hem Hudaýa ynanmaly dälmi?
4 Elbetde, ýok! Adam ýalançy bolup biler+, ýöne Hudaý dogruçyldyr+. Sebäbi: «Seniň sözleriň hakdyr, kazyýetde ýeňiş gazanarsyň» diýip ýazylgy+.
5 Biz erbetlik edenimizde, adamlar Hudaýyň dogruçyldygyna göz ýetirýärler. Onda Hudaýyň bize gaharlanmagy nädogrumy? (Men ynsan hökmünde aýdýaryn).
6 Ýok! Eger Hudaý nädogry iş etse, dünýäniň üstünden nädip höküm çykarsyn?+
7 Meniň ýalan sözüm Hudaýyň dogruçyldygyny görkezip, ony şöhratlandyrýan bolsa, onda näme üçin Hudaý meni günäkär hasaplap höküm çykarýar?
8 Onda käbir adamlaryň bize töhmet atyşy ýaly, bizem: «Geliň, ýagşylyk etmek üçin ýamanlyk edeliň» diýip bilmerismi? Aslynda, şeýle adamlara adalatly höküm çykarylar+.
9 Onda näme, ýehudylaryň başgalardan artykmaçlygy barmy? Ýok! Öň aýdyşymyz ýaly, ýehudylar hem, grekler hem günäli+.
10 Şol sebäpli: «Dogruçyl adam ýok, ýekejesi-de ýok+.
11 Ýekeje düşünjeli adam hem ýok, Hudaýy agtarýan hem ýok.
12 Ähli adamlar dogry ýoldan sowuldylar, olaryň hiç birinden peýda ýok. Ýagşylyk edýän adam ýok, ýekejesi-de ýok»+ diýip ýazylandyr.
13 «Olaryň bogazy açyk gabyr ýalydyr. Dili bilen ýalan sözleýärler»+. «Agzyndan çykýan sözleri alahöwreniň zäheri kimindir»+.
14 «Olaryň agzyndan gargyş we zäherli sözler çykýandyr»+.
15 «Aýaklary gan dökmäge howlugýar»+.
16 «Ýöreýän ýollary weýrançylykdan, heläkçilikden doludyr.
17 Olar parahatlyk ýoluny bilmeýärler»+.
18 «Olar Hudaýdan gorkmaýarlar»+.
19 Bilşimiz ýaly, Töwratda aýdylan zatlar Töwrat boýunça ýaşaýanlar üçindir. Şol sebäpli olar özlerini aklap bilmezler, sebäbi bütin dünýä Hudaýyň nazarynda günälidir we jeza berilmegine mynasypdyr+.
20 Adamlaryň hiç biri kanunyň talaplaryny berjaý edip, Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilmez+. Sebäbi biz kanun arkaly günäniň nämedigine düşündik+.
21 Emma Töwratda we Pygamberler kitabynda aýdylmagyna görä+, indi kanuny berjaý etmeseň-de, Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bolýar+.
22 Hawa, Isa Mesihe iman edýän adamlaryň ählisi Hudaýyň öňünde dogruçyl bolup bilýärler. Sebäbi Hudaýyň nazarynda ähli adamlar deňdir+.
23 Adamlaryň ählisi günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular+.
24 Emma Hudaý Isa Mesihiň tölegi*+ arkaly adamlary azat edip, dogruçyl hasaplaýar. Bu Hudaýyň ýagşylyk+ edip, beren berekedidir*+.
25 Hudaý Oglunyň döken ganyna+ iman edýän adamlar bilen ýaraşmak üçin Isany gurban berdi+. Şeýdip, Hudaý dogruçyldygyny görkezdi we adamlaryň geçmişde eden günälerini sabyrlylyk bilen bagyşlady.
26 Hudaý häzirem Isa iman edýän adamy dogruçyl hasaplap+, özüniň adalatlydygyny görkezýär+.
27 Indi öwnüp bilerismi? Ýok, öwnüp bilmeris. Haýsy kanun öwünmäge päsgel berýär?+ Işleri talap edýän kanunmy? Ýok, imany talap edýän kanun öwünmäge päsgel berýär.
28 Sebäbi adam kanuny berjaý edýändigi üçin däl-de, iman edýändigi üçin dogruçyl hasaplanýar+.
29 Eýsem Hudaý diňe ýehudylaryň Hudaýymy?+ Ol başga halklaryň hem Hudaýy dälmi?+ Hawa, ol başga halklaryň hem Hudaýy+.
30 Hudaý birdir+, sünnetliler iman etse-de, sünnetsizler iman etse-de, olaryň ikisini-de dogruçyl hasaplaýandyr+.
31 Onda iman edýäris diýip kanuna eýermesegem bolýarmy?* Ýok, gaýtam kanuny berjaý edýäris+.