Rimliler 6:1—23
6 Onda näme, Hudaý has köp ýagşylyk etsin diýip günä edip ýörmelimi?
2 Elbetde, ýok! Biz günä üçin ölen bolsak+, nädip günä edip ýaşap bileris?+
3 Bilip goýuň, Isa Mesih bilen bolmak üçin çümdürilenler+ onuň ölümine hem çümdürilmelidir+.
4 Biz hem Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilip, onuň bilen jaýlandyk+. Diýmek, Atanyň gudratly güýji arkaly direlen Mesih ýaly, biz hem täze ýaşaýşa başlamaly+.
5 Biz onuň ölşi ýaly ölen bolsak+, onuň direlişi ýaly-da direlip+, onuň bilen birleşeris.
6 Günäli tenimiziň agalyk etmezligi üçin+, biz bedenimiziň* Mesih bilen pürse çüýlenendigini bilýäris+. Mundan beýläk biz günäniň guly bolmaly däl+.
7 Sebäbi ölen adam günäden azat bolýar.
8 Biz Mesih bilen ölen bolsak, onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys.
9 Sebäbi biz Mesihiň direlendigini+, indi ölmejekdigini+, indi ölümiň onuň üstünden agalyk etmejekdigini bilýäris.
10 Mesih günäni bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi+. Indi ol Hudaý üçin ýaşaýar.
11 Şonuň ýaly sizem günäli işler üçin özüňizi öli hasaplaň, emma Isa Mesih arkaly Hudaý üçin diri hasaplaň+.
12 Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň* üstünden patyşa kimin höküm sürmesin+.
13 Bedeniňizi erbet gural* hökmünde ulanyp günä etmäň. Siz direlenler ýaly özüňizi we bedeniňizi dogruçyllygyň guraly* hökmünde ulanyp, Hudaýa tabşyryň+.
14 Günä üstüňizden agalyk etmesin, sebäbi siz kanun astynda däl+, Hudaýyň ýagşylygy astynda+.
15 Indi nähili netije çykarmaly? Biz kanun astynda däl-de, ýagşylyk astynda bolsak, onda günä etsek bolýarmy?+ Ýok!
16 Biler bolsaňyz, siz kime tabyn bolsaňyz, şonuň hem guly bolýarsyňyz+. Siz ýa günäniň+ guly bolup ölersiňiz+, ýa-da tabyn bolup dogruçyl hasaplanarsyňyz.
17 Siz öň günäniň guludyňyz, indi Hudaýyň öwreden zatlaryna ýürekden tabyn bolýarsyňyz. Munuň üçin biz Hudaýa şükür edýäris.
18 Hawa, siz günäden azat bolup+, dogruçyllygyň guly bolduňyz+.
19 Siz ejiz, şonuň üçin sada dilde ýüzlenýärin: siz öň ten höwesleriňize erk etmän, haramlygyň we erbetligiň guludyňyz. Indi bolsa gowy zatlary etmäge jan edip, dogruçyllygyň we mukaddesligiň guly boluň+.
20 Siz öň günäniň guludyňyz, dogruçyl ýaşap bilmeýärdiňiz.
21 Siziň öňki eden işleriňiziň netijesi nähili boldy? Olar ölüme eltýärdi+, häzir eden işleriňize utanýarsyňyz.
22 Indi siz günäden azat bolduňyz. Şonuň üçin Hudaýyň gullary hökmünde mukaddes ýaşap+, ebedi ýaşaýşa gowşuň+.
23 Günäniň haky ölümdir+, emma Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly+ ebedi ýaşaýşy berýändir+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: öňki häsiýetlerimiziň.
^ Sözme-söz: çüýreýän bedeniňiziň.
^ Sözme-söz: ýarag.
^ Sözme-söz: ýaragy.