Rut 4:1—22

  • Bowaz Ruta hossar çykýar (1—12)

  • Bowaz bilen Rutuň ogly bolýar (13—17)

  • Dawudyň nesil daragty (18—22)

4  Bowaz şäheriň derwezesine+ baryp oturdy. Şol wagt Bowazyň aýdan garyndaşy*+ geçip barýardy. Bowaz: «Biraz aýak çek⁠-⁠de, ýanymda otursana» diýdi. Ol hem geçip oturdy.  Soňra Bowaz şäherden on ýaşulyny+ çagyryp: «Geliň, sizem oturyň» diýdi. Olar hem oturdylar.  Bowaz garyndaşyna+: «Nagomy Mowap ýurdundan+ dolanyp geldi. Ol häzir doganymyz Alymäligiň+ mellegini satmaly bolup dur.  Muny saňa aýtmagy makul bildim. Sen oturan adamlaryň we ýaşulularyň öňünde şol mellegi satyn al+. Satyn alsaň⁠-⁠a al, almasaňam, men aljak. Mellegi satyn almaga ilki seniň hakyň bar, senden soň meniň hakym bar» diýdi. Garyndaşy: «Satyn alaryn» diýdi+.  Bowaz: «Sen Nagomydan mellegi alan günüň dul galan gelnini, mowaplardan Ruty hem almaly bolarsyň. Şonda Nagomynyň merhum oglunyň ady ýitmez, mellek hem nesline geçer»+ diýdi.  Ol adam: «Mellegi satyn alyp biljek däl, sebäbi satyn alsam, öz mirasyma zyýan ýeter. Maňa derek sen alaý, men⁠-⁠ä alyp biljek däl» diýdi.  Ysraýylda hossarlyk hukugy başga birine geçirilende, şeýle däp bardy: adam aýakgabyny çykaryp+, başga birine bermelidi. Olar ylalaşygyny şeýdip tassyklaýardy.  Ol adam hem Bowaza: «Mellegi sen satyn al» diýip, aýakgabyny çykaryp berdi.  Bowaz ýaşululara we märekä ýüzlenip: «Şu gün siz Alymäligiň, Kilýonyň we Mahlonyň mülküni Nagomydan satyn alandygyma şaýatsyňyz+. 10  Şeýle⁠-⁠de Mahlonyň mellegi nesline miras galyp+, merhumyň ady unudylmaz ýaly, onuň dul aýaly mowaplardan Ruta hem öýlenjekdirin. Şonda Mahlonyň ady dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň we il⁠-⁠günüň arasyndan ýitip gitmez. Şu gün siz şaýatsyňyz»+ diýdi. 11  Şäher derwezesine üýşen märeke we ýaşulular: «Biz şaýatdyrys. Ýehowa aljak gelniňi ysraýyl halkynyň eneleri Rahel bilen Leýa ýaly etsin!+ Efrafada+ berekediň has⁠-⁠da artsyn, at-owazaň Beýtullahama+ ýaýrasyn! 12  Ýehowa şu gelniňden nesil bersin!+ Seniň öýüň Ýahuda bilen Tamaryň ogly Pereziň+ öýi ýaly bolsun!» diýdiler. 13  Bowaz Ruta öýlendi we aýalyna ýanaşdy. Ýehowa olary ýalkady. Rut göwreli bolup, ogul dogurdy. 14  Aýallar Nagoma: «Seni hossarsyz goýmadyk Ýehowa şöhrat! Çaganyň ady ysraýyl halkynyň dilinden düşmesin! 15  Agtyga ýüzüň düşüp, bagtly bolduň*. Mährem gelniň ýedi oguldan artykdyr+, seni agtykly etdi. Agtygyň saňa garran çagyňda⁠-⁠da söýget bolar» diýdiler. 16  Nagomy agtygyny eline alyp, bagryna basdy we aladasyny etdi. 17  Goňşy aýallar: «Nagomynyň ogly boldy» diýip, çaganyň adyna Abyt+ dakdylar. Abyt Ýessäniň+ atasydy, Ýesse Dawudyň atasydy. 18  Ine Pereziň nesil daragty: Perez+ Hesronyň+ atasydy, 19  Hesron Ramyň atasydy, Ram Aminadabyň atasydy+, 20  Aminadap+ Nahşonyň atasydy, Nahşon Salmonyň atasydy, 21  Salmon Bowazyň atasydy, Bowaz Abytyň atasydy, 22  Abyt Ýessäniň+ atasydy, Ýesse hem Dawudyň+ atasydy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: satyn alýany.
Ýa⁠-⁠da: Ol saňa täze durmuş berdi.