Serdarlar 11:1—40

  • Ýeftah kowulýar, serdar bolýar (1—11)

  • Ýeftah ammonlara düşündirýär (12—28)

  • Ýeftahyň wadasy we gyzy (29—40)

11  Güýçli pälwan Ýeftah+ Gileadda ýaşaýardy, ol ahlaksyz aýalyň ogludy, kakasynyň ady Gileaddy.  Gileada öz aýaly hem birnäçe ogul dogrup berdi. Olar ulalanda Ýeftaha: «Kakamyzyň öýünden hiç zat miras almarsyň, sen başga aýalyň ogly» diýip, kowup goýberdiler.  Ýeftah doganlaryndan gaçyp, Tob topragynda ýaşady. Ýeftahyň ýanyna işsiz adamlar üýşüp, onuň yzyna düşdüler.  Birnäçe wagtdan ammonlar ysraýyl halky bilen söweşip başlady+.  Şonda Gileadyň ýaşululary Tob topragyndan Ýeftahy getirmek üçin dessine ýola düşdüler.  Olar Ýeftaha: «Ammonlar bilen söweşde serkerdämiz bol» diýdiler.  Ýeftah Gileadyň ýaşulularyna: «Meni ýigrenip, kakamyň öýünden kowanlar siz dälmi?+ Bu gün başyňyza iş düşende, men gerek boldummy?» diýdi.  Gileadyň ýaşululary Ýeftaha: «Dogry aýdýarsyň, ýöne biz seniň kömegiňe mätäç. Eger biziň bilen gidip, ammonlara garşy söweşseň, tutuş halkyň we Gileadyň üstünden hökümdarlyk edersiň»+ diýdiler.  Ýeftah Gileadyň ýaşulularyna: «Men siziň bilen gidip, ammonlara garşy söweşsem, Ýehowa hem olary elime berse, men baştutanyňyz bolaryn» diýdi. 10  Gileadyň ýaşululary Ýeftaha: «Goý, Ýehowa aramyzda şaýat bolsun! Biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. 11  Ýeftah Gileadyň ýaşululary bilen gitdi. Halk ony baştutan we serdar edip belledi. Ýeftah aýdan sözlerini Mispada+ Ýehowanyň öňünde gaýtalady. 12  Soňra Ýeftah ammonlaryň+ patyşasyna çaparlaryny ýollap: «Ýurduma hüjüm eder ýaly, menden aryň köýdümi?» diýdi. 13  Ammonlaryň patyşasy Ýeftahyň çaparlaryna: «Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkäler, Arnondan+ başlap Ýaboga we Iordana çenli aralykdaky ýerlerimi elimden aldylar+. Indi ol ýerleri gowulyk bilen yzyna beriň» diýdi. 14  Ýeftah ammonlaryň patyşasyna ýene⁠-⁠de çaparlary ýollap, 15  şeýle diýdi: «Ine Ýeftahyň aýdan sözleri: „Ysraýyllar mowaplaryň+, ammonlaryň topragyny basyp almady+. 16  Ysraýyllar Müsürden çykanda, Gyzyl deňze+ çenli çölüň içi bilen gidip, Kadeşe+ geldiler. 17  Olar Edom+ hanyna çapar ýollap: „Ýurduňdan geçmäge rugsat ber“ diýip haýyş etdiler. Emma Edom hany diňlemegem islemedi. Soňra olar Mowap+ hanyna çapar ýolladylar, ýöne ol hem razylaşmady. Şol sebäpli ysraýyllar Kadeşde+ galdylar. 18  Olar Edom we Mowap ýurdundan aýlanyp+, çölüň içi bilen gitdiler; Mowabyň gündogaryna gelip+, Arnonda düşlediler. Ysraýyllar Mowap topragyna girmediler+, sebäbi Arnon Mowap bilen serhetdeşdi. 19  Soňra ysraýyllar Heşbonda höküm sürýän amor hany Sihonyň ýanyna çapar ýollap: „Ýurduňdan geçip, mülkümize barmaga rugsat ber“ diýip haýyş etdiler+. 20  Emma Sihon ysraýyllara ynanmady we ýurdundan geçmäge rugsat bermedi. Ol tutuş halkyny ýygnap, Ýahazda düşelge gurdy we ysraýyllar bilen söweşdi+. 21  Şonda Ysraýyl Hudaýy Ýehowa Sihony we tutuş halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyl hem amorlary derbi⁠-⁠dagyn edip, olaryň ýurduny eýeledi+. 22  Şeýdip, olar Arnondan Ýaboga we çölüň içi bilen Iordana çenli amorlaryň tutuş ýurduny basyp aldylar+. 23  Ysraýyl Hudaýy Ýehowa amorlary kowup, ýurdy ysraýyllara berdi+. Indi sen ysraýyllary ýurdundan kowjak bolýarmyň? 24  Kemoş taňryňyzyň+ beren ýurduna eýelik edişiň ýaly, biz hem Ýehowa Hudaýymyzyň beren ýurduna eýelik ederis+. 25  Seniň Mowap hany Sefuryň ogly Ballakdan+ näme artyk ýeriň bar? Ol Ysraýyl bilen söweşmedi, hatda garşylyk görkezmedi. 26  Ysraýyllar eýýäm 300 ýyl bäri Heşbonda we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda+, Arogerde we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, Arnonyň kenar ýakalaryndaky şäherlerinde ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şunça ýyllap olary yzyna almadyňyz?+ 27  Men saňa ýamanlyk etmedim. Sen maňa garşy çykyp, ýalňyşýarsyň. Ysraýyl bilen ammon halkynyň arasyndaky dawany, goý, Beýik Kazy Ýehowa+ çözsün“». 28  Ammon patyşasy Ýeftahyň sözüne gulak asmady. 29  Ýeftaha Ýehowanyň ruhy indi+. Ol Gileadyň we Manaşanyň üstünden geçip, Gilead topragyndaky Mispa geldi+, soňra ammonlaryň üstüne gitdi. 30  Şonda Ýeftah Ýehowa wada berip+: «Ammon halkyny meniň elime ber. 31  Ýehowa, ýeňiş gazanyp öýüme gelsem, meni garşylamak üçin öňümden çykan seniňki bolsun+, ony saňa ýakma gurbanlygy hökmünde bagyş ederin*» diýdi+. 32  Ýeftah ammonlar bilen söweşmäge gitdi. Ýehowa hem oňa ýeňiş berdi. 33  Ýeftah Arogerden tä Minnite we Abyl⁠-⁠keramyma çenli olary gyrdy, 20 şäheri derbi⁠-⁠dagyn etdi. Şeýdip, ammonlar ysraýyllara boýun boldy. 34  Ahyry Ýeftah Mispa+, öýüne geldi. Ine⁠-⁠de, öňünden deprek kakyp, tans edip, gyzy çykdy. Ol Ýeftahyň ýalňyz perzendidi. Ondan başga Ýeftahyň ne gyzy, ne⁠-⁠de ogly bardy. 35  Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym! Meniň ýüregime hanjar urduň*. Balamy öz elim bilen bermeli boldum. Men Ýehowa kasam etdim, indi dänip bilmerin»+ diýdi. 36  Gyzy Ýeftaha: «Kakam jan! Ýehowa kasam eden bolsaň, beren sözüňde dur+, sebäbi Ýehowa duşmanymyz ammonlardan aryňy aldy» diýdi. 37  Ol sözüni dowam edip: «Kaka, bir haýyşym bar! Joralarym bilen iki aýlap daglara gideýin, olar bilen aglaýyn. Indi men durmuşa çykyp bilmerin» diýdi. 38  Kakasy: «Gidiber!» diýip, gyzyny iki aýlyk goýberdi. Ol joralary bilen daglara gidip aglady, sebäbi indi ol durmuşa çykyp bilmeýärdi. 39  Ol iki aýdan kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy kasamyny ýerine ýetirdi+. Gyzyna hiç haçan erkek kişi ýanaşmady*. Ysraýylda şeýle adat* bardy: 40  ysraýyl gyzlary gileadly Ýeftahyň gyzyny ruhlandyrmak* üçin her ýyl dört günläp ýanynda bolardylar.

Çykgytlar

Hudaýa gulluk etmek üçin doly bagyş etmegi aňladýan bolmaly.
Sözme-söz: Sen meni çökerdiň.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa-da: kanun.
Ýa-da: öwmek.