Serdarlar 12:1—15

  • Efraýymlar dawa turuzýar (1—7)

    • «Şibbolet» (6)

  • Serdarlar: Ybsan, Elon we Abdon (8—15)

12  Efraýymlar ýygnanyşyp, derýadan geçdiler we Safona* gelip, Ýeftaha: «Ammonlar bilen söweşe näme üçin bizi çagyrmadyň?+ Indi seni öýüň bilen bile otlarys» diýdiler.  Ýeftah olara: «Halkym bilen ammonlaryň arasynda uruş turdy. Men sizi kömege çagyrdym, ýöne siz gelmediňiz.  Şonuň üçin men öz janymy aýaman, ammonlar bilen söweşmäge gitdim+. Ýehowa olary meniň elime berdi. Indi näme üçin meniň bilen uruşmaga geldiňiz?» diýdi.  Ýeftah gileadlylaryň+ ählisini ýygnap, efraýymlar bilen söweşdi we olary gyrdy. Efraýymlar: «Eý Efraýym bilen Manaşa topragynda ýaşaýan gileadlylar! Siz Efraýymyň gaçgaklary» diýerdiler.  Gileadlylar Efraýymyň golaýyndaky Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler+. Gaçyp barýan efraýymlar: «Geçmäge rugsat ediň» diýse, gileadlylar olardan: «Sen efraýymlardanmy?» diýip sorardy. Eger: «Ýok!» diýse,  olar: «„Şibbolet“ diý hany» diýerdiler. Emma efraýymlar sözi dogry aýdyp bilmeýärdi, şonuň üçin «Sibbolet» diýerdi. Şonda gileadlylar olary Iordan derýasynyň ýalpak ýerinde öldürdiler. Şeýdip, efraýymlardan 42 000 adam öldürildi.  Gileadly Ýeftah Ysraýylda alty ýyl serdarlyk etdi. Soňra ol aradan çykyp, Gilead topragynda, öz şäherinde jaýlandy.  Ýeftahdan soň beýtullahamly Ybsan Ysraýyla serdarlyk etdi+.  Onuň 30 ogly we 30 gyzy bardy. Ol gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykardy, ogullaryna⁠-⁠da başga tirelerden gyz alyp berdi. Ol Ysraýyla ýedi ýyl serdar boldy. 10  Soňra Ybsan aradan çykyp, Beýtullahamda jaýlandy. 11  Ybsandan soň zebulun taýpasyndan Elon Ysraýylda on ýyl serdarlyk etdi. 12  Soňra zebulun taýpasyndan Elon aradan çykyp, Zebulun topragyndaky Aýalonda jaýlandy. 13  Elondan soň piratonly Hileliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy. 14  Onuň 40 ogly we 30 agtygy bardy. Olaryň hersi bir eşek münerdi. Ol Ysraýylda sekiz ýyl serdar boldy. 15  Soňra piratonly Hileliň ogly Abdon aradan çykyp, amalekleriň+ dagynda, Efraýym topragyndaky Piratonda jaýlandy.

Çykgytlar

Başga manysy: demirgazyga.