Serdarlar 2:1—23

  • Ýehowanyň perişdesiniň beren duýduryşy (1—5)

  • Ýuşa aradan çykýar (6—10)

  • Ysraýyla serdarlar bellenýär (11—23)

2  Ýehowanyň perişdesi+ Gilgaldan+ Bohime gelip, ysraýyllara şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata⁠-⁠babalaryňyza wada beren* ýurduma+ getirdim. Men: „Siziň bilen baglaşan ähtimi hiç haçan bozmaryn+.  Siz şol ýeriň halky bilen äht baglaşmaň+, gurbanlyk ojaklaryny* ýumruň“+ diýipdim. Ýöne siz näme üçin gulak asmadyňyz?+  Şonuň üçin men aýdyşym ýaly, olary öňüňizden kowmaryn+. Olar size duzak gurarlar+, siz hem taňrylaryna sežde edip, duzaga düşersiňiz»+.  Ýehowanyň perişdesiniň aýdan sözlerini eşidip, ysraýyllaryň ählisi möňňürip aglaşdylar.  Olar şol ýeriň adyna Bohim* dakdylar we Ýehowa gurbanlyk berdiler.  Ýuşa adamlary öýli⁠-⁠öýüne ugratdy. Ysraýyllaryň hersi alan mülküni eýelemäge gitdiler+.  Ýuşanyň döwründe we ondan köpräk ýaşap, Ýehowanyň uly işlerini gören ýaşulularyň döwründe halk Ýehowa gulluk etdi+.  Ýehowanyň guly Nunuň ogly Ýuşa 110 ýaşynda aradan çykdy+.  Ýuşany öz mülkünde, Efraýym daglaryndaky Timnat⁠-⁠heresde+, Gagaş dagynyň demirgazygynda jaýladylar+. 10  Şol nesil dünýäden ötdi we Ýehowany tanamaýan, ysraýyllara eden işlerini bilmeýän nesil döredi. 11  Şeýlelikde, ysraýyllar Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular we Bagal butlaryna sežde etdiler+. 12  Olar ata⁠-⁠babalaryny Müsür ýurdundan çykaran Hudaýy Ýehowany terk etdiler+ we daş⁠-⁠töweregindäki halklaryň taňrylaryna gulluk edip+, olara tagzym etdiler. Olar Ýehowany ynjatdylar+. 13  Ýehowadan ýüz öwrüp, Bagala we Aştoret butlaryna sežde etdiler+. 14  Şol sebäpli Ýehowa gahar⁠-⁠gazaba münüp, ysraýyllary duşmanlarynyň eline berdi+. Olar hem ysraýyllary taladylar. Hudaý olary goňşy halklaryň eline berdi+. Olar duşmanlaryna garşy durup bilmediler+. 15  Ysraýyllar nirä gitseler⁠-⁠de, Ýehowa olara garşy çykyp, üstlerinden betbagtçylyk inderdi+. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň ant içişi ýaly+, olar görgi baryny gördüler+. 16  Soňra Ýehowa ysraýyllary garakçylaryň elinden halas etmek üçin serdarlary belledi+. 17  Ysraýyllar serdarlara⁠-⁠da gulak asman, başga taňrylara sežde edip*, olara tagzym etdiler. Olaryň ata⁠-⁠babalary Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýärdi+, emma ogullary berjaý etmeýärdi. Ata⁠-⁠babalarynyň ýolundan tiz sowuldylar. 18  Ýehowa olara serdarlary belledi+. Ýehowa serdarlaryň her birini goldardy we olaryň döwründe halky duşmanlaryndan halas ederdi. Duşmanlar halky ezerdi we köp azar bererdi. Halkynyň ahy⁠-⁠nalasyny eşidip+, Ýehowanyň haýpy gelerdi*+. 19  Emma bellenen serdar aradan çykanda, ysraýyllar ýene⁠-⁠de başga taňrylara sežde edip, olara tagzym etdiler we ata⁠-⁠babalaryndan hem beter boldular, has erbet işlere baş goşdular+. Olar kesirlik etdiler we erbet işlerinden el çekmediler. 20  Ahyry Ýehowanyň ysraýyllara gahar⁠-⁠gazaby tutaşyp+, şeýle diýdi: «Olar ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtimi+ bozdular, maňa gulak asmadylar+. 21  Şol sebäpli Ýuşanyň basyp almadyk halklarynyň hiç birini ýurtdan kowup çykarmaryn+. 22  Men ysraýyl halkyny synap görjek, olar ata⁠-⁠babalary ýaly Ýehowanyň ýolundan ýörärmi ýa⁠-⁠da ýok?»+ 23  Şonuň üçin Ýehowa şol halklary derrew kowmandy we ýurtda ýaşamaga ýol beripdi. Olary Ýuşanyň eline bermändi.

Çykgytlar

Ýa-da: ant içen.
Sözlüge serediň.
Manysy: Aglaşýanlar.
Ýa-da: başga taňrylar bilen ahlaksyzlyk edip.
Ýa-da: ökünerdi.