Serdarlar 3:1—31

  • Ýehowa ysraýyllary synaýar (1—6)

  • Otnyýel — birinji serdar (7—11)

  • Ehut Eglon patyşany öldürýär (12—30)

  • Şamgar serdar (31)

3  Kenganda bolan söweşlere gatnaşmadyk ysraýyllary synamak üçin+, Ýehowa käbir halklary ýurtdan kowmady.  Ol muny urşa gatnaşmadyk täze nesle söweşmegi öwretmek üçin etdi.  Ýurtdan kowulmadyk halklar şulardyr: piliştlileriň bäş hany+, ähli kenganlar, sidonlylar+ we Bagal⁠-⁠hermon dagyndan Lebo⁠-⁠hamata*+ çenli uzalyp gidýän Liwan dagynda+ ýaşaýan hiwiler+.  Olar ysraýyllary synamak üçin galdyrylypdy. Şonda Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklaryny olaryň berjaý edýändigi ýa⁠-⁠da etmeýändigi belli bolardy+.  Şeýlelikde, ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda ýaşadylar+.  Ysraýyllar olar bilen gyz alşyp berişdiler we taňrylaryna sežde edip başladylar+.  Ysraýyllar Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular. Olar Ýehowa Hudaýyny unudyp, Bagal butlaryna+ we keramatly pürslere* sežde etdiler+.  Şonda Ýehowa gahar⁠-⁠gazaba münüp, ysraýyllary Mesopotamiýanyň* patyşasy Kuşanrişataýymyň eline berdi. Olar sekiz ýyllap Kuşanrişataýymyň golastynda boldular.  Ysraýyllar kömek sorap, Ýehowany çagyrdy+. Ýehowa olary halas etmek üçin+ Kalebiň inisi Kenazyň ogly Otnyýeli+ iberdi. 10  Ol Ýehowanyň mukaddes ruhundan dolup+, ysraýyllara serdar boldy. Otnyýel Mesopotamiýanyň* patyşasy Kuşanrişataýyma garşy söweşe çykyp, ýeňiş gazandy. Sebäbi Ýehowa Kuşanrişataýymy Otnyýeliň eline beripdi. 11  Şondan soň 40 ýyllap ýurtda parahatlyk höküm sürdi. Soňra Kenazyň ogly Otnyýel aradan çykdy. 12  Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular+. Şonuň üçin Ýehowa Mowap+ patyşasy Eglona ysraýyl halkynyň üstünden agalyk etmäge ýol berdi. Sebäbi ysraýyllar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler. 13  Hudaý ammonlary+ we amalekleri+ ysraýyllara garşy aýaga galdyrdy. Olar ysraýyllaryň üstüne çozup, palma agaçly şäheri*+ basyp aldylar. 14  Ysraýyllar 18 ýyllap Mowap patyşasy Eglonyň guly boldular+. 15  Ysraýyllar Ýehowadan kömek soradylar+. Ýehowa olary halas etmek üçin+ benýamin taýpasyndan+ Geranyň ogly Ehuty+ serdar edip belledi, ol çepbekeýdi+. Bir gün ysraýyllar Mowap patyşasy Eglona Ehutdan salgyt ugratdylar. 16  Ehut uzynlygy bir tirsek* iki tarapy kesgir gylyç ýasady we eşiginiň aşagyndan sag buduna daňdy. 17  Soňra ol Mowap patyşasy Eglona salgydy getirip berdi. Eglon örän semiz adamdy. 18  Ehut salgydy berdi⁠-⁠de, ýanynda gelen adamlar bilen gaýtdy. 19  Gilgaldaky+ oýma butlaryň ýanyna* ýetenlerinde, Ehut yzyna dolandy we patyşanyň ýanyna gelip: «Patyşahym, size aýtjak gizlin habarym bar» diýdi. Patyşa hyzmatkärlerine: «Çykyň!» diýdi. Olaryň hemmesi çykyp gitdiler. 20  Ýokarky salkyn otagda patyşanyň bir özi galdy. Ehut patyşanyň golaýyna baryp: «Alladan habar getirdim» diýdi. Patyşa tagtyndan turanda, 21  Ehut sag buduna daňylan gylyjyny çep eli bilen aldy⁠-⁠da, patyşanyň garnyna sokdy. 22  Gylyç patyşanyň garnyna sapy bilen girdi. Ehut gylyjyny yzyna sogurmady, patyşanyň garnynyň ýagy gylyjy örtüp, nejasady daşyna çogdy. 23  Ehut ýokarky otagyň gapylaryny gulplady⁠-⁠da, eýwandan* gaçyp gitdi. 24  Soňra patyşanyň nökerleri geldiler we ýokarky otagyň gapylarynyň gulpludygyny görüp: «Patyşa aýakýoluna giden bolmaly» diýişdiler. 25  Olar ep⁠-⁠esli garaşdylar, gapylar açylmansoň, biynjalyk boldular we açary alyp, otagy açdylar. Görseler, patyşa öli ýatan eken. 26  Olar nämäniň⁠-⁠nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçyp gitdi we oýma butlaryň ýanyndan* geçip+, sag⁠-⁠aman Seýire baryp ýetdi. 27  Ehut Efraýymyň daglaryna+ baryp, surnaý çaldy+. Şonda ysraýyllar dagdan aşak indiler, Ehut hem olara baştutan boldy. 28  Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Ýehowa mowaplary eliňize berdi» diýdi. Olar hem Ehutyň yzyna düşdüler. Mowaplar gaçyp bilmez ýaly, ysraýyllar Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler we şol ýerden hiç kimi geçirmediler. 29  Olar mowaplaryň 10 000 edermen we batyr ýigitlerini öldürdiler+, olaryň ýekejesi⁠-⁠de halas bolup bilmedi+. 30  Şol gün Mowap Ysraýylyň golastyna geçdi we ýurtda 80 ýyllap parahatlyk höküm sürdi+. 31  Ehutdan soň Anatyň ogly Şamgar+ serdar boldy. Ol çopanyň taýagy*+ bilen 600 piliştlini öldürip+, ysraýyllary halas etdi.

Çykgytlar

Ýa-da: Hamatyň girelgesine.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Aram-naharaýymyň.
Sözme-söz: Aramyň.
Ýagny Ýerihony.
Belki, bilek. Takmynan 38 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Başga manysy: daş gazylyp alynýan ýere.
Başga manysy: penjireden.
Başga manysy: daş gazylyp alynýan ýerden.
Sözlüge serediň.