Serdarlar 4:1—24

  • Ýabin agalyk edýär (1—3)

  • Debora pygamber we Barak (4—16)

  • Siserany Ýaýyl öldürýär (17—24)

4  Ehut aradan çykansoň, ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular+.  Ýehowa olary Hasorda hökümdarlyk edýän Kengan patyşasy Ýabiniň eline berdi*+. Onuň goşun serkerdesi Sisera Haroşetde*+ ýaşaýardy.  Ýabin* patyşanyň tigirleri kesgir gylyçly 900 sany söweş arabasy bardy+. Ol ysraýyllaryň üstünden 20 ýyldan bäri agalyk edýärdi+. Ysraýyllar Ýehowa perýat etdiler+.  Şol döwürde Lapydotyň aýaly Debora pygamber+ ysraýyl halkyna kazylyk edýärdi.  Ol Efraýymyň daglarynda ýerleşýän Rama+ bilen Beýteliň+ aralygyndaky Deboranyň palma agajynyň aşagynda oturýardy; ysraýyllar dawalaryny çözmek üçin onuň ýanyna barýardylar.  Ol Kedeş⁠-⁠naftalydaky+ Abynogamyň ogly Baraga+ habar ýollady: «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Bar, naftaly we zebulun taýpasyndan 10 000 adamy ýanyňa al⁠-⁠da, olar bilen Tabor dagyna çyk.  Men Ýabiniň goşun serkerdesi Siserany söweş arabalary we goşuny bilen Kişon+ derýasyna* getirip, seniň eliňe bererin“»+.  Barak oňa: «Eger meniň bilen gitseň, menem giderin; eger gitmeseň, menem gitmerin» diýdi.  Debora: «Men seniň bilen giderin. Sen söweşe gatnaşsaň⁠-⁠da, şöhrat gazanmarsyň. Ýehowa Siserany bir aýalyň eline berer»+ diýdi. Soňra Debora ýerinden turdy⁠-⁠da, Barak bilen Kedeşe+ gitdi. 10  Barak zebulunlar bilen naftalylary+ Kedeşe çagyrdy, onuň yzyna 10 000 adam düşdi. Debora hem Barak bilen gitdi. 11  Kenlerden+ Heber doganlaryndan we Musanyň gaýynatasy Hobabyň+ ogullaryndan aýry ýaşady. Ol çadyryny Kedeşde ýerleşýän Sawananimdäki uly agajyň golaýynda gurdy. 12  Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna+ çykandygyny Sisera habar berdiler. 13  Sisera Haroşetden tigirleri kesgir gylyçly 900 sany söweş arabasyny we tutuş goşunyny çagyrdy⁠-⁠da, Kişon derýasyna*+ tarap ýola düşdi. 14  Debora Baraga: «Biliňi berk guşa, Ýehowa şu gün Siserany eliňe berer. Ýehowa öňüňden gider» diýdi. Şonda Barak 10 000 adamy bilen Tabor dagyndan aşak düşdi. 15  Ýehowa Siserany, söweş arabalaryny we tutuş goşunyny aljyraňňylyga salyp+, Baragyň gylyjy bilen gyrdy. Sisera arabasyndan düşüp, gaçyp gitdi. 16  Barak Siseranyň söweş arabalaryny we goşunyny Haroşete çenli kowalady. Olaryň ählisini gylyçdan geçirdi, ýekejesi hem diri galmady+. 17  Sisera bolsa gaçyp, kenlerden Heberiň+ aýaly Ýaýylyň+ çadyryna bardy. Sebäbi Hasor patyşasy Ýabin+ Heberiň hojalygy bilen gowy gatnaşýardy. 18  Ýaýyl Siseranyň öňünden çykyp: «Geliň, agam! Giriň, gorkmaň!» diýdi. Ol çadyra girdi, Ýaýyl hem onuň üstüne ýorgan ýapdy. 19  Sisera Ýaýyla: «Men suwsadym, biraz suw beräý⁠-⁠dä» diýdi. Ýaýyl içi süýtli meşigiň agzyny açyp uzatdy+. Soňra ýene⁠-⁠de onuň üstüne ýorgany ýapdy. 20  Sisera: «Çadyryň agzynda dur. Eger biri: „Bärde adam barmy?“ diýip sorasa, „Ýok“ diýip jogap ber» diýdi. 21  Heberiň aýaly Ýaýyl çadyryň gazygyny we çekiji alyp, ýuwaşlyk bilen Siseranyň ýanyna bardy. Sisera ýadap halys bolansoň, süýji uka gidipdi. Ýaýyl gazygy onuň kellesinde goýdy⁠-⁠da, çekiç bilen urup, kellesini ýere çüýledi welin, ol jan berdi+. 22  Barak Siserany yzarlap geldi. Ýaýyl onuň öňünden çykyp: «Geliň, gözleýän adamyňyzy görkezeýin» diýdi. Barak çadyra girip görse, Sisera öli ýatyrdy, kellesine gazyk kakylypdy. 23  Şol gün Hudaý Kenganyň patyşasy Ýabini ysraýyllara tabyn etdi+. 24  Ysraýyllar günsaýyn güýçlenip, Kenganyň+ patyşasy Ýabin bilen söweşdiler, ahyry patyşany öldürdiler+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Ýabine satdy.
Ýa-da: Haroşet-Hagoýymda.
Sözme-söz: Ol.
Ýa-da: jülgesine.
Ýa-da: jülgesine.