Serdarlar 6:1—40

  • Midýanlar agalyk edýär (1—10)

  • Perişde Gedeýony ruhlandyrýar (11—24)

  • Gedeýon Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumurýar (25—32)

  • Gedeýona Hudaýyň ruhy inýär (33—35)

  • Gedeýonyň ýüň synagy (36—40)

6  Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler+. Şol sebäpli Ýehowa olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi+.  Midýanlar ysraýyllaryň üstünden agalyk edýärdi+. Olaryň sütemi zerarly ysraýyllar dagyň gowaklarynda, gaçybatalgalarda* we barmasy kyn bolan ýerlerde gizlenerdiler+.  Midýanlar, amalekler+ we gündogarda ýaşaýan halklar+ ekiş döwri ysraýyllaryň üstüne çozardylar.  Olar Ysraýylda düşläp, tä Gaza çenli ähli ekinleri ýok ederdiler. Ysraýylda ne azyk, ne goýun, ne öküz, ne⁠-⁠de eşek goýardylar+.  Duşmanlaryň mal⁠-⁠garalary we çadyrlary şeýle köpdi welin, olar çekirtge ýaly çozardylar+. Adamlarynyň we düýeleriniň san⁠-⁠sajagy ýokdy+. Olar ýurdy ýer bilen ýegsan ederdiler.  Ysraýyllar midýanlaryň derdinden ýaňa garyp galdylar we Ýehowa ýalbardylar+.  Ysraýyllar midýanlaryň sütemine çydaman Ýehowadan kömek soradylar+.  Şonda Ýehowa pygamberini iberip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi Müsürden çykaran, gulçulykdan azat eden mendirin!+  Müsürlileriň we sütemkeş halklaryň elinden men halas etdim. Duşmanlary kowup çykardym, ýurduny size berdim+. 10  Men size: „Hudaýyňyz Ýehowa mendirin!+ Amorlaryň taňrylaryndan gorkmaň“+ diýdim. Emma sözlerime gulak asmadyňyz“»+. 11  Soňra Ýehowanyň perişdesi+ Opradaky uly agajyň aşagyna gelip oturdy. Agaç abygezer tiresinden+ Ýowaşyňkydy. Ýowaşyň ogly Gedeýon+ midýanlardan gizlenip, üzüm sykylýan çukurda bugdaý döwýärdi. 12  Ýehowanyň perişdesi: «Edermen ýigit, Ýehowa hemaýat etsin!»+ diýdi. 13  Gedeýon: «Agam, eger Ýehowa hemaýat edýän bolsa, şu güne düşerdikmi?+ Ata⁠-⁠babalarymyz: „Ýehowa bizi Müsürden azat etdi“+ diýip gürrüň bererdiler. Hany, onuň gudratly işleri?+ Indi Ýehowa bizi terk edip+, midýanlaryň eline berdi» diýdi. 14  Şonda Ýehowa oňa ýüzlenip: «Biliňi berk guşa! Sen ysraýyl halkyny midýanlaryň elinden halas edersiň+. Seni men iberýärin!» diýdi. 15  Gedeýon: «Eý Ýehowa, men ysraýyly nädip halas edeýin? Men manaşanyň iň kiçi tiresinden*, öýde meni hiç kim diňlemeýär» diýip jogap berdi. 16  Emma Ýehowa: «Men seni goldaryn!+ Sen midýanlary bir demde gylyçdan geçirersiň» diýdi. 17  Gedeýon: «Eger menden razy bolsaň, maňa bir alamat görkez, şonda seniň kimdigiňi bilerin. 18  Men sadakamy getirip, öňüňde goýýançam, gaýrat edip, garaş»+ diýdi. Ol: «Garaşaryn» diýdi. 19  Gedeýon gidip, owlak soýdy we bir çuwal* undan petir* bişirdi+. Ol eti sebede salyp, çorbasyny jama guýdy we uly agajyň aşagynda oturan perişdäniň öňüne getirip goýdy. 20  Hak Hudaýyň perişdesi: «Et bilen petiri uly daşyň üstüne goý⁠-⁠da, çorbany üstünden guý» diýdi. Gedeýon aýdylyşy ýaly etdi. 21  Soňra Ýehowanyň perişdesi hasasyny uzadyp, et bilen petire degirdi welin, daşdan ot çykyp, olary ýakyp kül etdi+. Soňra Ýehowanyň perişdesi gözden gaýyp boldy. 22  Gedeýon Ýehowanyň perişdesi bilen gepleşendigine düşündi+. Gedeýon: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Işim gaýtdy! Men Ýehowanyň perişdesi bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz gepleşdim»+ diýdi. 23  Emma Ýehowa: «Gorkma+, köşeş, ölmersiň!» diýdi. 24  Şonda Gedeýon Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gurdy, oňa şu günlere çenli Ýehowa⁠-⁠Salam*+ diýilýär. Ol häzire çenli abygezerleriň Opra şäherinde ýerleşýär. 25  Şol gije Ýehowa Gedeýona şeýle diýdi: «Kakaň sürüsinden bir öküzçäni we ýediýaşar öküzi* al. Kakaňa degişli Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumur, gapdalyndaky keramatly pürsi* çap+. 26  Soňra şu depede Ýehowa Hudaýyňa daşlardan gurbanlyk ojagyny gur, çapan keramatly pürsüňi ýakyp, ýediýaşar öküzi gurbanlyk getir». 27  Gedeýon on hyzmatkärini ýanyna alyp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ýöne dogan⁠-⁠garyndaşlaryndan* we il⁠-⁠günden gorkup, ähli zady gündiz däl⁠-⁠de, gije etdi. 28  Şäheriň adamlary ertesi ir bilen turup görseler, Bagalyň gurbanlyk ojagy ýumrulypdyr, keramatly pürs çapylypdyr we täze gurlan gurbanlyk ojagynda ýediýaşar öküz gurbanlyk berlipdir. 29  Olar bir⁠-⁠birine: «Muny kim etdi?» diýişdiler. Sorag⁠-⁠ideg edip, Ýowaşyň ogly Gedeýonyň edendigini bildiler. 30  Şäheriň adamlary Ýowaşa: «Ogluňy ber, biz ony öldürjek, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumrup, keramatly pürsi çapypdyr» diýdiler. 31  Ýowaş+ olaryň haýbatyna şeýle jogap berdi: «Bagaly goramak size galdymy? Ol siziň kömegiňize mätäçmi? Bagaly goran adam häziriň özünde öldürilsin+. Eger ol Hudaý bolsa, goý, öz⁠-⁠özüni gorasyn+, sebäbi bir⁠-⁠ä onuň gurbanlyk ojagyny ýumrupdyr». 32  Kakasy şol gün Gedeýonyň adyna Ýerubagal* dakyp: «Goý, Bagal öz⁠-⁠özüni gorasyn! Bir⁠-⁠ä onuň gurbanlyk ojagyny ýumrupdyr» diýdi. 33  Midýanlar+, amalekler+ we gündogarda ýaşaýan halklar jem bolup+, derýadan geçdiler we Ýizregel jülgesinde düşlediler. 34  Ýehowanyň ruhy Gedeýonyň üstüne indi+. Ol surnaý çalanda+, abygezerler+ kömege geldiler. 35  Ol bütin manaşa taýpasyna çapar ýollady, olar hem Gedeýona goşuldylar. Şeýle⁠-⁠de Gedeýon aşerlere, zebulunlara we naftalylara çapar ýollady, olar hem kömege geldiler. 36  Gedeýon hak Hudaýa şeýle diýdi: «Eger sözüňde durup, ysraýyl halkyny meniň elim bilen halas etmek isleseň+, 37  onda men harmanda ýüň ýazyp goýaýyn. Eger irden çyg diňe ýüňüň üstüne düşüp, ýer gury bolsa, onda ysraýyl halkyny meniň elim bilen halas etjekdigiňi, sözüňde durjakdygyňy bilerin». 38  Ertesi şeýle⁠-⁠de boldy. Ol irden turup, ýazylgy duran ýüňi sykdy welin, uly jam doldy. 39  Emma Gedeýon hak Hudaýa ýüzlenip: «Meniň ýene bir haýyşym bar, gaharyň gelmesin, ýene bir synaga rugsat ber. Indi çyg diňe ýere düşsün, ýüň bolsa gury galsyn» diýdi. 40  Hudaý şol gije şeýle⁠-⁠de etdi: çyg diňe ýere düşdi, ýüň bolsa gury galdy.

Çykgytlar

Başga manysy: ýerzeminlerde.
Sözme-söz: müňünden.
Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.
Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa parahatlyk Hudaýy.
Sözme-söz: ikinji öküzi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: kakasynyň öý-içerisinden.
Manysy: Goý, Bagal öz-özüni gorasyn.