Serdarlar 7:1—25

  • Gedeýon we 300 esger (1—8)

  • Gedeýonyň goşuny ýeňýär (9—25)

    • «Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!» (20)

    • Midýanlar howsala düşýär (21, 22)

7  Soňra Ýerubagal, ýagny Gedeýon+ we esgerleri daň bilen turup, Harot çeşmesinde düşlediler. Midýanlar bolsa olaryň demirgazyk tarapyndaky jülgede, More depesinde düşlediler.  Ýehowa Gedeýona şeýle diýdi: «Esgerleriň örän köp, midýanlary eliňize bermerin+, ýogsam ysraýyllar: „Men öz güýjüm bilen ýeňiş gazandym“ diýip öwner+.  Esgerleriňe: „Kim gorkýan bolsa, öýüne gaýtsyn“ diý»+. Gedeýon esgerlerini synagdan geçirenden soňra, olaryň 22 000⁠-⁠si öýüne gaýtdy, 10 000⁠-⁠si galdy.  Ýehowa Gedeýona: «Esgerleriň sany entegem köp, olary çeşmäniň ýakasyna elt. Men olary synap görjek. Seniň bilen gitsin diýenlerim gider, gitmesin diýenlerim gitmez» diýdi.  Gedeýon adamlary çeşmäniň ýakasyna eltdi. Şonda Ýehowa: «Çeşmeden suwy eli bilen alyp içýänleri* bir aýry, dyzyna çöküp, eglip içýänleri bir aýry duruz» diýdi.  Suwy 300 adam eli bilen içdi, galanlary bolsa dyzyna çöküp içdi.  Ýehowa Gedeýona: «Men sizi eli bilen suw içen 300 adam arkaly halas ederin, midýanlary eliňize bererin+. Beýleki esgerler bolsa öýüne gaýtsyn» diýdi.  Gedeýonyň ýanynda 300 esgeri galdy. 300 esger beýleki esgerleriň azygyny we surnaýlaryny alyp, olary öýüne ugratdylar. Midýanlar olardan aşakda, jülgede düşläpdiler+.  Şol gije Ýehowa Gedeýona şeýle diýdi: «Tur, duşmanlaryň üstüne çoz. Men olary seniň eliňe berdim+. 10  Eger çozmaga gorkýan bolsaň, nökeriň Pura bilen düşelgä bar. 11  Olaryň gürrüňini diňle, şonda sen duşmanlaryň bilen gorkman söweşersiň». Ol nökeri Pura bilen düşelgäniň golaýyna bardy. 12  Midýanlar, amalekler we gündogarda ýaşaýan halklar+ jülgede edil çekirtge ýaly üýşüpdirler. Olaryň düýeleri şeýle köpdi welin, deňiz ýakasyndaky çäge ýaly sansyz⁠-⁠sajaksyzdy+. 13  Gedeýon düşelgä gelende, bir adam dostuna düýşüni gürrüň berip otyrdy. Ol: «Men düýşümde arpa çöreginiň midýanlaryň düşelgesine togalanyp gelýändigini gördüm. Ol togalanyp gelşine çadyry ýykdy, çadyr ýykan⁠-⁠ýumran boldy»+ diýdi. 14  Dosty bolsa: «Ol ysraýyllardan bolan Ýowaşyň ogly Gedeýonyň gylyjy bolmaly+. Hudaý midýanlary we düşelgedäki bütin goşuny onuň eline berdi»+ diýdi. 15  Gedeýon düýşi we ýorgudyny eşidip+, Hudaýa tagzym etdi. Soňra ol ysraýyllaryň düşelgesine gelip: «Turuň, Ýehowa midýanlary elimize berdi» diýdi. 16  Ol 300 esgeri üç topara bölüp, olaryň hersine surnaý+ bilen boş küýze berdi. Küýzeleriň içinde alawly taýak bardy. 17  Gedeýon olara: «Maňa seredip, meniň edenlerimi ediň. Düşelgä golaýlanymda, meniň edenlerimi etmelisiňiz. 18  Men ýanymdakylar bilen surnaý çalanymda, sizem düşelgäniň ähli tarapyndan surnaý çalyp: „Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!“ diýip gygyrmalysyňyz» diýdi. 19  Gedeýon ýanyndaky 100 esgeri bilen gijäniň ikinji nobatynda*, garawullaryň ýaňy çalşan mahaly düşelgäniň golaýyna geldi. Olar surnaý çalyp+, küýzeleri döwdüler+. 20  Şonda toparlaryň üçüsi hem surnaýy batly çalyp, küýzeleri çym⁠-⁠pytrak etdiler. Olar çep eline alawly taýagy alyp, sag elindäki surnaýy çalyp: «Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!» diýip gygyryşdylar. 21  Her bir esger düşelgäniň daş⁠-⁠töwereginde öz ornunda durdy, duşmanlar bolsa howsala düşüp gygyryşdylar we gaçmak bilen boldular+. 22  Gedeýonyň 300 esgeri surnaýlaryny dyngysyz çalýardy, Ýehowa duşmanlary bir⁠-⁠birine garşy çykardy, olar bir⁠-⁠birini gylyçdan geçirdiler+. Düşelgedäki galan esgerler bolsa gaçyp, Beýtşitta, Zerera we Tabatdaky Abyl⁠-⁠mehola+ baryp ýetdiler. 23  Ysraýylyň naftaly, aşer we manaşa taýpalaryny çagyrdylar+. Olar midýanlaryň yzyndan kowdular. 24  Gedeýon Efraýymyň daglaryna çapar ýollap: «Midýanlar geçmez ýaly, Beýtbaryň we Iordanyň ýalpak ýerlerini eýeläň» diýdi. Efraýymlaryň ählisi ýygnanyp, Beýtbaryň we Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler. 25  Şeýle⁠-⁠de olar midýanlaryň Orep we Zeýep hanlaryny ýesir aldylar. Orebi Orep gaýasynda öldürdiler+. Zeýebi bolsa Zeýebiň üzüm sykylýan çukurynda öldürdiler. Orep bilen Zeýebiň kellesini Iordanyň golaýyna, Gedeýona getirip berdiler. Olar midýanlary yzarlamagyny dowam etdiler+.

Çykgytlar

Sözme-söz: it ýaly dili bilen içýänleri.
Takmynan gije sagat 22:00-dan 2:00-a çenli.