Serdarlar 8:1—35

  • Efraýymlar Gedeýony ýazgarýar (1—3)

  • Midýan hanlary öldürilýärler (4—21)

  • Gedeýon hökümdarlykdan boýun gaçyrýar (22—27)

  • Gedeýonyň ömri (28—35)

8  Efraýymlar Gedeýona: «Edeniň näme? Bizi näme üçin midýanlar bilen söweşe çagyrmadyň?»+ diýdiler. Olar Gedeýon bilen dawalaşdylar+.  Gedeýon olara: «Siz menden has köp zat etdiňiz. Efraýymlaryň+ çöplän üzümi abygezerleriň ýygnan hasylyndan köp dälmi?+  Hudaý midýanlaryň Orep bilen Zeýep hanlaryny siziň eliňize berdi ahyryn»+ diýdi. Gedeýon: «Siz menden has köp zat etdiňiz» diýende, olaryň gahary köşeşdi.  Soňra Gedeýon 300 esgeri bilen Iordan derýasyndan geçdi. Olar ýadaw bolsalar⁠-⁠da, duşmanyň yzyndan kowaladylar.  Gedeýon Sukotyň adamlaryna: «Midýan hanlary Zeba bilen Zalmuny kowalaýaryn. Nökerlerime çörek beräýiň, olar ýadaw» diýdi.  Emma Sukotyň hanlary: «Nökerleriňe çörek berer ýaly, Zeba bilen Zalmuny tutduňmy?» diýdiler.  Gedeýon: «Ýehowa Zeba bilen Zalmuny elime berer. Şonda men demirtiken bilen endam⁠-⁠janyňyzy eleme⁠-⁠deşik ederin»+ diýdi.  Ol ýoluny dowam edip, Penuwele bardy. Olardan çörek soranda, Penuweliň adamlary hem sukotlylar ýaly jogap berdi.  Gedeýon Penuweliň adamlaryna: «Men sag⁠-⁠aman yzyma gelsem, diňiňizi ýumraryn»+ diýdi. 10  Zeba we Zalmun 15 000⁠-⁠e golaý esgeri bilen Karkora geldi. Olar gündogar halklaryň+ diri galan barja esgeridi. Olaryň 120 000 esgeri gylyçdan geçirilipdi. 11  Gedeýon Nobanyň we Ýogbegiň+ gündogaryndaky çarwalaryň ýoly bilen gidip, duşmanyň düşelgesine duýdansyz çozdy. 12  Midýan hanlary Zeba bilen Zalmun gaçmak bilen boldy, emma Gedeýon olary kowalap tutdy. Muny gören goşun aljyraňňylyga düşdi. 13  Ýowaşyň ogly Gedeýon söweşden Heres ýoly bilen gaýtdy. 14  Ýolda ol sukotly bir ýigidi ele salyp, soraga tutdy. Ýigit Sukotyň 77 han⁠-⁠beginiň we ýaşulularynyň adyny ýazyp berdi. 15  Soňra Gedeýon Sukotyň adamlarynyň ýanyna baryp: «Siz: „Ýadaw nökerleriňe çörek berer ýaly, Zeba bilen Zalmuny tutduňmy?“ diýip, üstümden gülüpdiňiz. Ine olar!»+ diýdi. 16  Ol Sukotyň ýaşulularynyň endam⁠-⁠janyny demirtiken bilen eleme⁠-⁠deşik edip, temmi berdi+. 17  Ol Penuwel diňini+ ýer bilen ýegsan edip, halkyny bir çetden gyrdy. 18  Gedeýon Zeba bilen Zalmundan: «Siz Taborda nähili adamlary öldürdiňiz?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada meňzeýärdiler» diýip jogap berdiler. 19  Gedeýon: «Olar meniň süýtdeş doganlarym. Ýehowa diri şaýatdyr! Eger olary öldürmedik bolsaňyz, size rehim ederdim» diýdi. 20  Ol nowbahar ogly Ýethere: «Tur, öldür olary!» diýdi. Emma ol ýaş bolansoň, gorkudan ýaňa gylyjyny gynyndan hem çykaryp bilmedi. 21  Zeba bilen Zalmun: «Erkek bolsaň, tur⁠-⁠da, özüň öldür»+ diýdi. Gedeýon hem ýerinden turup, olary gylyçdan geçirdi. Soňra düýeleriniň boýnundan asylan ýarym aý şekilli şaý⁠-⁠seplerini aldy. 22  Ysraýyllar Gedeýona: «Sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň. Indi sen, ogullaryň, agtyklaryň hökümdarlyk etsin»+ diýdiler. 23  Gedeýon olara: «Menem, ogullarymam hökümdarlyk etmez. Size Ýehowa hökümdar bolar»+ diýdi. 24  Gedeýon sözüni dowam edip: «Meniň haýyşym bar, her biriňiz oljaňyzdan bir burunhalka beriň» diýdi. (Sebäbi ysmaýyllar+ altyn burunhalka dakynýardylar). 25  Olar: «Elbetde, bereris!» diýdiler. Soňra ýapynja ýazyp, hersi oljasyndan bir burunhalka atdy. 26  Gedeýonyň sorap alan altyn burunhalkalarynyň agramy 1 700 şekel* altyna barabar boldy. Mundan başga⁠-⁠da, aý şekilli şaý⁠-⁠sepleri, gulakhalkalary, midýan hanlarynyň badam reňkli ýüň donlaryny we düýä dakylýan şaý⁠-⁠sepleri+ berdiler. 27  Gedeýon altynlary öňlük*+ üçin ulandy we Opra şäherinde+ goýdy. Ysraýyllar hem öňlüge sežde edip başladylar+. Ol Gedeýona we öý⁠-⁠içerisine duzak boldy+. 28  Şeýlelikde, midýanlar+ ysraýyllara boýun egdiler, gaýdyp baş galdyrmadylar. Gedeýonyň döwründe ysraýyllar 40 ýyllap parahat ýaşadylar+. 29  Ýowaşyň ogly Ýerubagal+ öýüne dolanyp, şol ýerde ýaşady. 30  Gedeýonyň bilinden önen 70 ogly bardy, sebäbi onuň aýaly köpdi. 31  Şekemdäki gyrnagy hem bir ogul dogurdy, Gedeýon oglunyň adyna Abymälik+ goýdy. 32  Ýowaşyň ogly Gedeýon uzak ömür sürüp aradan çykdy, ony abygezer tiresiniň Opra şäherinde+, kakasynyň mazarynda jaýladylar. 33  Gedeýon aradan çykansoň, ysraýyllar ýene⁠-⁠de Bagal butlaryna sežde edip, biwepalyk* etdiler+ we Bagal⁠-⁠berit taňrysyna gulluk edip başladylar+. 34  Ysraýyllar duşman elinden halas eden+ Ýehowa Hudaýyny unutdylar+. 35  Olar Ýerubagalyň, ýagny Gedeýonyň ysraýyllar üçin eden ýagşy işlerini ýatdan çykaryp, onuň maşgalasyna wepaly bolmadylar*+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: zyna.
Ýa-da: wepaly söýgini bildirmediler.