Titus 2:1—15
2 Sen bolsa hemişe sagdyn* taglymata görä öwret+.
2 Ýaşuly* adamlar ähli zatda çägini bilýän, agras*, sagdyn düşünjeli bolmaly. Olaryň imany berk, söýgüsi güýçli we çydamly bolmaly.
3 Ýaşy uly aýallar hem sylaşykly bolsunlar. Olar gep-gybat etmesinler, köp şerap içmesinler we ýagşy zatlary öwretsinler.
4 Şonda olar gelin-gyzlara ärini we çagalaryny söýmegi maslahat berip* bilerler.
5 Şeýle-de olar sagdyn düşünjeli, päk, öý işlerini gowy edýän, edepli we ärine tabyn bolmaly+. Şonda Hudaýyň sözüne dil ýetirilmez.
6 Ýaş doganlary hem sagdyn düşünjeli bolmaga höweslendirip dur+.
7 Özüň hem ähli ýagdaýlarda ýagşy işleri edip, görelde görkez. Päk zatlary* yhlasly öwret+.
8 Hiç kim seni tankytlamaz ýaly, peýdaly* zatlary gürrüň ber+. Şonda garşy çykýan adamlar utanyp, bizi ýamanlap bilmezler+.
9 Gullar hojaýyna ähli zatda tabyn bolup+, göwnünden turjak bolsunlar we dil gaýtarmasynlar.
10 Hojaýynyň zadyny ogurlaman+, ynamdardygyny subut etsinler. Şeýdip, ähli zatda Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyna şöhrat getirerler*+.
11 Hudaý ähli adamlara halas bolmaga ýol açyp, ýagşylygyny mälim etdi+.
12 Hudaýyň ýagşylygy islegine garşy gelýän zatlardan we dünýäniň höweslerinden ýüz öwürmegi öwredýär+. Şeýle-de şu dünýäde* sagdyn düşünjeli bolup, dogruçyl ýaşamagy we Hudaýa wepaly bolmagy öwredýär+.
13 Häzir bolsa ajaýyp umyda+ ýetmäge we Gudratygüýçli Hudaýyň hem-de Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat bilen äşgär bolmagyna sabyrly garaşalyň.
14 Mesih biziň üçin janyny gurban berip*+, erbet işleriň gulçulygyndan azat etdi+. Ol bizi eziz halky edip saýlady we ýagşy işlere yhlasly etmek üçin arassalady+.
15 Şulary öwredip dur, saňa öwüt-nesihat bermäge* we käýemäge doly ygtyýar berildi+. Goý, hiç kim saňa göwnüýetmezçilik etmesin.
Çykgytlar
^ Ýa-da: peýdaly.
^ Ýa-da: Ýaşy uly.
^ Ýa-da: işine jogapkärli.
^ Ýa-da: öwredip.
^ Başga manysy: Päk niýet bilen.
^ Ýa-da: sagdyn.
^ Sözme-söz: taglymatyny bezärler.
^ Sözme-söz: töleg töläp.
^ Ýa-da: höweslendirmäge.