Ýahýa gelen Ylham 15:1—8
15 Men gökde başga bir uly we ajaýyp alamat gördüm. Ýedi perişdäniň+ elinde ýedi bela bardy. Olar soňky belalardy we olaryň üsti bilen Hudaýyň gahary tamamlanmalydy+.
2 Soňra men alawly ot garylan aýna ýaly deňze+ meňzeş bir zady gördüm. Şeýle-de wagşy haýwany we şekilini+ ýeňenleri+ hem-de onuň adynyň sanyny+ özüne basdyrmadyklary gördüm. Olar aýna meňzeş deňziň üstünde durdylar, ellerinde bolsa Hudaýyň arfasy bardy.
3 Olar Hudaýyň guly Musanyň+ we Guzynyň+ aýdymyny aýdýardylar:
«Eý Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*+, işleriň beýik hem ajaýypdyr!+ Eý döwürleriň Patyşasy+, ýollaryň dogry hem ygtybarlydyr!+
4 Eý Ýehowa*, senden gorkmajak, adyňy şöhratlandyrmajak barmy? Diňe sen wepaly+. Ähli milletler seniň öňüňe gelip, sežde ederler+, sebäbi seniň adyl hökümleriň äşgär boldy».
5 Şondan soň gökde şaýatlyk çadyrynyň mukaddes ýeriniň+ açylandygyny gördüm+.
6 Mukaddes ýerden elleri ýedi belaly ýedi perişde+ çykyp geldi. Olaryň eşigi zygyr* matadandy, arassady we şöhle saçýardy, döşünden biline çenli altyn guşagy bardy.
7 Dört perişdäniň biri ýedi perişdä ýedi sany altyn käse berdi. Käseler baky we ebedi ýaşaýan Hudaýyň gaharyndan doludy+.
8 Şonda ybadathana Hudaýyň şöhratyndan+ we güýç-kuwwatyndan ýaňa tüsseden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy tamamlanýança+, ol ýere hiç kim girip bilmedi.