Ýahýa gelen Ylham 19:1—21

  • «Ýaha alkyş aýdyň!» (1—10)

    • Guzynyň toýy (7—9)

  • Ak atly (11—16)

  • Hudaýyň giňden ýazan saçagy (17, 18)

  • Wagşy haýwan ýeňilýär (19—21)

19  Şondan soň men gökden uly märekäniň sesine meňzeş batly ses eşitdim. Olar şeýle diýdi: «Ýaha alkyş aýdyň!*+ Hudaý adamzady halas etdi, şöhrat we güýç onuňkydyr.  Sebäbi Hudaýyň hökümleri dogry we adalatlydyr+. Ol Wawilona, ýagny ýer ýüzüni ahlaksyzlygy* bilen azdyran, ady belli ahlaksyz aýala höküm çykardy we gullarynyň gany üçin ondan* ar aldy»+.  Olar şol bada ikinji gezek: «Ýaha alkyş aýdyň!*+ Wawilonyň tüssesi baky hem ebedilik çykyp durar»+ diýdiler.  Şonda 24 ýaşuly+ bilen dört perişde+ dyza çökdüler we tagtda oturan Hudaýa sežde edip: «Omyn! Ýaha alkyş aýdyň!*»+ diýdiler.  Şeýle-de tagtdan: «Eý Hudaýdan gorkýan gullar, sada we abraýly adamlar+, Hudaýymyzy şöhratlandyryň!»+ diýen ses eşidildi.  Soňra men uly märekäniň, suwlaryň we güýçli gök gürrüldisiniň sesine meňzeş ses eşitdim. Olar şeýle diýýärdi: «Ýaha alkyş aýdyň!*+ Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowanyň*+ patyşalygy başlady+.  Geliň, şatlanyp begeneliň we Hudaýy şöhratlandyralyň! Sebäbi Guzynyň toýy başlandy, onuň gelni hem toýa taýýarlandy.  Gelne-de ap-ak, arassa we nepis* matadan köýnek geýmäge rugsat berildi. Nepis* mata mukaddesleriň dogry işlerini aňladýar»+.  Perişde maňa: «Şuny ýaz: „Guzynyň toýuna+ çagyrylanlar bagtlydyr“» diýdi. Soňra ol: «Hudaýyň şu sözleri hakdyr» diýdi. 10  Men oňa sežde etmek üçin dyza çökenimde: «Dur, beýle zat etme!+ Menem sen ýaly we Isa hakda wagyz edýän doganlaryň+ ýaly gulduryn. Hudaýa sežde et!+ Pygamberliklerde Isa hakda gürrüň berilýändir»+ diýdi. 11  Soňra men gögüň açylandygyny gördüm. Seretsem, bir ak at+ dur. Onuň üstünde oturanyň Wepaly+ hem Dogruçyl+ diýen ady bardy. Ol adalatly höküm çykarýandyr we adalatlylyk+ bilen söweşýändir. 12  Onuň gözleri ýalynly otdur+, kellesinde ençeme täç bardyr. Onuň adyny özünden başga hiç kim bilýän däldir. 13  Onuň eşigi gana bulanandy*, oňa Hudaýyň Sözi+ diýilýärdi. 14  Onuň yzyndan gökden ak atly goşun gelýärdi. Olar ap-ak, arassa we nepis* matadan eşik geýipdiler. 15  Milletleri öldürmek üçin, onuň agzyndan ýiti we uzyn gylyç+ çykyp durandyr. Ol milletleri demir hasa bilen bakar+. Şeýle-de ol Gudratygüýçli Hudaýyň gahar-gazabyny aňladýan üzüm sykylýan çukurda üzüm sykar+. 16  Onuň donunda, ýagny budunda «patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdary»+ diýip ýazylgydy. 17  Şeýle-de men Günüň ortarasynda duran perişdäni gördüm. Ol asmanda uçup ýören ähli guşlara batly ses bilen şeýle diýdi: «Bärik geliň, Hudaýyň giňden ýazan saçagyna ýygnanyşyň+. 18  Şonda siz patyşalaryň, goşun serkerdeleriň, pälwanlaryň+, atlaryň we üstünde oturanlaryň+, azat adamlar bilen gullaryň, sada hem-de abraýly adamlaryň jesedini iýersiňiz». 19  Men wagşy haýwanyň, ýer ýüzüniň patyşalarynyň we goşunynyň ýygnanyşandygyny gördüm. Olar atyň üstünde oturan we onuň goşuny bilen söweşmek üçin ýygnanyşypdylar+. 20  Şonda wagşy haýwan we ýalan pygamber+ tutuldy. Ýalan pygamber wagşy haýwanyň+ öňünde alamatlar görkezip, onuň belligini alanlary we şekiline+ sežde edýänleri aldaýardy. Olaryň ikisi-de diriligine kükürt bilen ýanýan ot kölüne zyňyldy+. 21  Galanlary bolsa atyň üstünde oturanyň agzyndan çykyp duran uzyn gylyçdan gyryldy+. Guşlar olaryň jesedini iýip doýdular+.

Çykgytlar

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözme-söz: onuň elinden.
Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.
Başga manysy: eşigine gan sepilendi.
Sözme-söz: zygyr. Sözlüge serediň.