Ýahýa gelen Ylham 22:1—21
22 Soňra perişde maňa ýaşaýyş berýän we suwy aýna* ýaly dup-dury derýany+ görkezdi. Ol Hudaýyň we Guzynyň+ tagtyndan akyp,
2 şäheriň uly köçesiniň ortasyndan geçýärdi. Derýanyň iki tarapynda her ýyl 12 sapar, ýagny her aý miwe berýän ýaşaýyş agaçlary bardy. Agaçlaryň ýapraklary milletleri sagaltmak üçin ösýärdi+.
3 Şäher hiç haçan näletlenmez, ol ýerde Hudaýyň we Guzynyň tagty durar+. Şäherde Hudaýyň gullary mukaddes gullugy berjaý ederler.
4 Olar Hudaýyň ýüzüni görerler+, maňlaýlarynda bolsa onuň ady ýazylar+.
5 Şäherde gije bolmaz+, olara çyranyň ýa-da Günüň ýagtysy gerek bolmaz, sebäbi Ýehowa* Hudaýyň özi olaryň üstüne ýagty saçar+ we olar patyşa bolup baky hem ebedi höküm sürerler+.
6 Perişde maňa: «Aýdanlarym ygtybarlydyr, hakdyr+. Hawa, pygamberlerine ylham beren+ Ýehowa* Hudaý perişdesini iberip, tizden boljak zatlary gullaryna mälim etdi.
7 Men tizden gelerin+. Şu golýazmadaky pygamberlikleri berjaý edýän bagtlydyr»+ diýdi.
8 Men aýdylan zatlary eşiden we gören Ýahýa. Men olary görüp-eşidenimde, olary görkezen perişdä sežde etmek üçin dyza çökdüm.
9 Emma ol: «Dur, beýle zat etme! Hudaýa sežde et!+ Men hem seniň ýaly, pygamber doganlaryň ýaly, şu golýazmadaky sözleri berjaý edýänler ýaly gulduryn» diýdi.
10 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Golýazmadaky pygamberliklere möhür basma, gizleme, sebäbi bellenen wagt golaýdyr.
11 Goý, erbetler erbetlik etsin, ýigrenjiler hem haramlyk etsin. Emma dogruçyllar mundan beýläk-de dogruçyl ýaşasyn, mukaddesler hem mukaddes bolsun.
12 „Men tizden gelerin, berjek sylagym hem elimde. Men her kime eden işine görä hakyny bererin+.
13 Men Alfa we Omega*+, ilkinji hem soňkudyryn, başlangyç hem ahyrkydyryn.
14 Eşigini ýuwanlar bagtlydyr+, sebäbi olara ýaşaýyş agajynyň ýanyna barmaga ygtyýar berler+ we olara şähere derwezelerden girmäge rugsat berler+.
15 Itler*, jadygöýler, ahlaksyzlar*, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýýänler we ýalançylar şäheriň daşynda galarlar“+.
16 „Men şu zatlary ýygnaklara şaýatlyk etmek üçin perişdämi iberen Isa. Men Dawudyň maşgalasyndan* we neslindendirin+, ýagty saçýan daň ýyldyzydyryn“»+.
17 Mukaddes ruh we gelin+: «Gel!» diýýär. Goý, muny eşidýänler hem: «Gel!» diýsinler. Suwsan gelsin+, her bir isleýän adam ýaşaýyş suwuny mugt alsyn+.
18 «Men şu golýazmadaky pygamberlikleri eşidýän her kese şuny yglan edýärin: kim şu sözlere bir zat goşsa+, Hudaý golýazmada ýazylan belalary başyna indirer+.
19 Eger kim golýazmadaky pygamberliklerden bir zat aýyrsa, Hudaý ýaşaýyş agajyndan berjek paýyny yzyna alar-da+, şu golýazmada ýazylan mukaddes şähere girmäge rugsat bermez+.
20 Olar hakda şaýatlyk edýän: „Hawa, tizden gelerin!“+ diýýär».
«Omyn! Gel, Halypam Isa!»
21 Goý, Halypamyz Isa mukaddeslere ýagşylyk etsin!
Çykgytlar
^ Sözme-söz: hrustal.
^ Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.
^ Ýagny Hudaýyň nazarynda nejis işleri edýänler.
^ Sözme-söz: kökünden.