Ýahýa gelen Ylham 3:1—22
3 Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Hudaýyň ýedi ruhy+ we eli ýedi ýyldyzly+ şeýle diýýär: „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Sen diri bolup görünýärsiň, ýöne ölüsiň+.
2 Hüşgär bol+, öljek bolup duran zatlaryňy janlandyr. Sebäbi sen Hudaýyň isleýän zatlarynyň hiç birini ýerine ýetirmediň.
3 Şonuň üçin kabul eden we eşiden zatlaryňy ýadyňa sal, olary mäkäm tutup, toba et+. Men ogry kimin gelerin+, eger oýa bolmasaň, meniň haýsy wagtda geljegimi bilmersiň+.
4 Ýöne welin Sardisde donuny hapalamadyk+ sanlyja adam bar. Olar ak eşik geýip+, ýanymda ýörärler, sebäbi olar muňa mynasypdyr.
5 Söweşde ýeňen+ ak don geýer+, men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan hiç haçan öçürmerin+. Atamyň we perişdeleriniň öňünde adyny tutaryn+.
6 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“
7 Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapan gapysyny hem hiç kim açyp bilmeýän mukaddes+, dogruçyl+ we elinde Dawudyň açary bolan+ şeýle diýýär:
8 „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Ine, öňüňde bir gapy açdym+, şol gapyny hiç kim ýapyp bilmez. Men seniň güýjüň azdygyny, sözümi diňleýändigiňi we adyma wepalydygyňy bilýärin.
9 Ine, Şeýtanyň sinagogasyndakylar ýehudy bolmasalar-da, özlerini ýehudy hasaplap+, ýalan sözleýärler. Olary ýanyňa gelip, aýagyňa ýykylar ýaly ederin we seni söýýändigimi görkezerin.
10 Meniň çydamlylygymdan görelde alandygyň üçin+, seni bütin ýer ýüzüne injek synag sagadyndan halas ederin+. Şonda ýer ýüzünde ýaşaýanlar synalar.
11 Men tizden gelerin+. Eliňdäki bar zadyňy mäkäm sakla, şonda täjiňi hiç kim alyp bilmez+.
12 Men söweşde ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasynyň sütüni ederin welin, ony hiç kim aýryp bilmez. Oňa Hudaýymyň adyny+, Onuň şäheriniň, ýagny gökden, Hudaýymyň ýanyndan inen Täze Iýerusalimiň adyny+ we özümiň täze adymy ýazaryn+.
13 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“
14 Laodikiýadaky ýygnagyň+ perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Omyn+ atly, Hudaýyň ilkinji ýaradany+, wepaly we dogruçyl+ şaýat+ şeýle diýýär:
15 „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgyn. Sen ýa sowuk, ýa-da gyzgyn bolsadyň.
16 Ýöne sen ne gyzgyn+, ne-de sowuk+, sen ýylysyň, şonuň üçin seni agzymdan tüýkürip taşlaryn.
17 Sen: „Men baý+, baýlyk topladym, hiç zada mätäç däl“ diýýärsiň, ýöne sen gözgyny, betbagt, garyp, kör we ýalaňaçdygyňy bilmeýärsiň.
18 Saňa şuny maslahat berýärin: baý bolmak üçin otda arassalanan altyny, egniňe eşik geýip, uýat ýeriňi ýapmak üçin+ ak donlary, gözüň görer ýaly+ göz ýagyny satyn al+.
19 Men kimi söýýän bolsam, şoňa-da käýäp, temmi berýändirin+. Şonuň üçin yhlasly bol-da, toba et+.
20 Ine, men gapynyň agzynda durun, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açan adamyň öýüne girerin, onuň bilen agşamlyk naharyny iýerin.
21 Men söweşde ýeňene+ tagtymda oturmaga ygtyýar bererin+, sebäbi men hem ýeňip, Atam bilen tagtynda otyryn+.
22 Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin!“»