Ýahýa gelen Ylham 8:1—13
8 Guzy+ ýedinji möhüri+ açanda, gökde ýarym sagada golaý ümsümlik boldy.
2 Şonda men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni+ gördüm, olara ýedi surnaý berildi.
3 Men başga bir perişdäniň gelip, gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda durandygyny hem gördüm. Onuň elinde tütetgi ýakylýan altyn gap bardy, şonuň üçin köp mukdarda tütetgi berildi+. Mukaddesler doga edende, ol tütetgini tagtyň öňünde duran altyn gurbanlyk ojagynda+ ýakmalydy.
4 Perişdäniň elindäki tütetginiň tüssesi mukaddesleriň dogasy+ bilen bile Hudaýyň huzuryna barýardy.
5 Emma perişde şol bada tütetgi gabyny alyp, gurbanlyk ojagyndaky közden* doldurdy. Soňra közi ýere dökende, gök gürläp, ses eşidildi we ýyldyrym çakyp+, ýer titredi.
6 Ýedi perişde hem ýedi surnaýy+ çalmaga taýýarlandy.
7 Birinji perişde surnaýyny çalanda, ýer ýüzüne buz* bilen gan gatyşykly ot ýagdy+. Şonda ýeriň üçden bir bölegi, agaçlaryň üçden bir bölegi we ösümlikleriň bary ýandy+.
8 Ikinji perişde surnaýyny çalanda, beýik daga meňzeş bir zat ýanyp, deňze zyňyldy+. Şonda deňziň üçden bir bölegi gana öwrüldi+.
9 Deňizdäki janly-jandarlaryň üçden bir bölegi öldi+ we gämileriň üçden bir bölegi heläkçilige uçrady.
10 Üçünji perişde surnaýyny çalanda, çyra meňzeş ýanyp duran uly ýyldyz gökden derýalaryň üçden bir bölegine we çeşmelere gaçdy+.
11 Ýyldyzyň ady Ýowşandy. Şonda suwlaryň üçden bir bölegi ýowşan ýaly ajy boldy. Suwuň ajydygy+ sebäpli, adamlaryň köpüsi öldi.
12 Dördünji perişde surnaýyny çalanda, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagty saçyp bilmez ýaly+, Günüň, Aýyň hem-de ýyldyzlaryň üçden bir bölegi garaldy+.
13 Men asmanda uçup ýören bürgüdi gördüm. Ol batly ses bilen: «Dat günüňize+, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Waý halyňyza, dat günüňize! Sebäbi galan üç perişde hem surnaýyny çalmaga taýýar dur»+ diýdi.