Zebur 118:1—29
118 Ýehowa şükür ediň, sebäbi ol ýagşydyr+,Wepaly söýgüsi* ebedidir.
2 Ysraýyl diýsin:
«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».
3 Harunyň öýi diýsin:
«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».
4 Ýehowadan gorkýanlar diýsin:
«Hudaýyň wepaly söýgüsi ebedidir».
5 Agyr günde Ýahy* çagyrdym,Ýah jogap berip, giň sähra alyp çykdy+.
6 Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn+.
Ynsan maňa näme edip biler?+
7 Ýehowa meniň tarapymda, meniň howandarym*+,Duşmanlaryň ýeňlişini gözüm bilen görerin+.
8 Ynsana däl-de,Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.
9 Hanlara däl-de,Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr+.
10 Milletler daşymy gabady,Emma Ýehowanyň ady bilen,Olary yzyna serpikdirdim+.
11 Olar çar tarapdan meni gabady, daşymy gurşady.Emma Ýehowanyň ady bilen,Olary yzyna serpikdirdim.
12 Olar ary kimin üstüme çozdy,Ýandaga düşen ot kimin tiz söndi.
Emma Ýehowanyň ady bilen,Olary yzyna serpikdirdim+.
13 Meni ýykjak bolup itdiler*,Emma Ýehowa dadyma ýetişdi.
14 Ýah meniň penam hem güýjümdir,Ol meniň halasgärimdir+.
15 Dogruçyllaryň çadyryndan,Şatlyk hem ýeňiş sesi eşidilýär.
Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.
16 Ýehowanyň sag eli ýokary galýar,Ýehowanyň sag eli gudratly işleri edýär+.
17 Men ölmerin, men ýaşaryn,Ýahyň işlerini gürrüň bermek üçin ýaşaryn+.
18 Ýah maňa berk temmi berdi+,Ýöne ölüm penjesine bermedi+.
19 Maňa dogrulyk derwezelerini açyň+,Olardan girip, Ýaha alkyş aýdaýyn.
20 Ine, Ýehowanyň derwezesi,
Ondan dogruçyl adamlar girýär+.
21 Saňa alkyş aýdaryn, sen maňa jogap berdiň+,Sebäbi halasgärim sensiň.
22 Ussalaryň zyňan daşyIndi esasy daş* boldy+.
23 Muny eden Ýehowa+,Bizi haýran galdyrdy+.
24 Ol güni Ýehowa belledi,Şol gün biz şatlanarys, begeneris.
25 Ýehowa, ýalbarýarys, halas et!
Ýehowa, ýalbarýarys, ýeňiş ber!
26 Ýehowanyň adyndan gelýäne alkyş bolsun!+Ýehowanyň öýünde halka ak pata bereris.
27 Ýehowa biziň Hudaýymyz,Bize nur saçýar+.
Agajyň şahalaryny alyň,Baýramçylyga barýanlara goşulyň+,Gurbanlyk ojagynyň* başyna* geliň+.
28 Sen meniň Hudaýym, saňa alkyş aýdaryn,Ýa Allam, seni şöhratlandyraryn+.
29 Ýehowa şükür ediň+, sebäbi ol ýagşydyr,Wepaly söýgüsi ebedidir+.
Çykgytlar
^ «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
^ Başga manysy: maňa kömek edýänler bilendir.
^ Başga manysy: itdiň.