Zebur 136:1—26

  • Ýehowanyň wepaly söýgüsi ebedidir

    • Gök we ýer akyldarlyk bilen ýaradylandyr (5, 6)

    • Faraon Gyzyl deňizde gark bolýar (15)

    • Alla ruhdan düşen adamy görýär (23)

    • Adamlara we janly⁠-⁠jandarlara iýmit berýär (25)

136  Ýehowa alkyş aýdyň, sebäbi ol ýagşydyr+,Wepaly söýgüsi* ebedidir+.   Hudaýlaryň Hudaýyna alkyş aýdyň+,Wepaly söýgüsi ebedidir.   Hökümdarlaryň Hökümdaryna alkyş aýdyň,Wepaly söýgüsi ebedidir.   Gudratly işleri edýän diňe oldur+,Wepaly söýgüsi ebedidir+.   Gögi akyldarlyk bilen ýaratdy+,Wepaly söýgüsi ebedidir.   Ýeri suwlaryň üstünde berkitdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir.   Beýik şamçyraglary döretdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir.   Gündizine yşyk bolar ýaly Güni ýaratdy+,Wepaly söýgüsi ebedidir.   Gije höküm sürer ýaly Aýy hem ýyldyzlary ýaratdy+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 10  Ol Müsüriň nowbaharlaryny ýok etdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 11  Ysraýyl halkyny Müsürden çykardy+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 12  Güýç⁠-⁠kuwwatly goly+ bilen halas etdi,Wepaly söýgüsi ebedidir. 13  Ol Gyzyl deňzi ikä böldi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 14  Ysraýyl halkyny deňziň ortasyndan geçirdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 15  Ol faraony goşuny bilen Gyzyl deňizde gark etdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 16  Halkyna çölde ýol görkezdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 17  Beýik patyşalary gyrdy+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 18  Güýçli hökümdarlaryň başyny aldy,Wepaly söýgüsi ebedidir. 19  Amorlaryň hany Sihony+ öldürdi,Wepaly söýgüsi ebedidir. 20  Başan hany Ogy+ heläk etdi,Wepaly söýgüsi ebedidir. 21  Olaryň ýurduny halkyna miras berdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 22  Tutuş ýurdy bendesi Ysraýyla miras berdi,Wepaly söýgüsi ebedidir. 23  Ol biziň ruhdan düşendigimizi gördi*+,Wepaly söýgüsi ebedidir+. 24  Bizi duşmanlardan halas etdi+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 25  Ol adamlara, janly⁠-⁠jandarlara iýmit berýär+,Wepaly söýgüsi ebedidir. 26  Gökleriň Hudaýyna alkyş aýdyň,Wepaly söýgüsi ebedidir.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýatlady.