Zebur 150:1—6

  • Ähli ynsanlar Ýaha alkyş aýtsyn!

    • «Ýaha alkyş aýdyň!» (1, 6)

150  Ýaha alkyş aýdyň!*+ Mukaddes mekanynda Allany wasp ediň+, Gudratly asmanyň astynda alkyş aýdyň!+   Gudratly işleri üçin wasp ediň+, Çäksiz güýjüň eýesine alkyş aýdyň!+   Surnaý çalyp wasp ediň+, Çeň* we arfa bilen alkyş aýdyň!+   Deprek kakyp+, tans edip, Hudaýy wasp ediň, Arfa+ we tüýdük+ bilen alkyş aýdyň!   Ýakymly owazly bürünç çanlar* bilen wasp ediň, Bürünç çanlary batly kakyp, alkyş aýdyň!+   Ähli ynsanlar* Ýaha alkyş aýtsyn! Ýaha alkyş aýdyň!*+

Çykgytlar

Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Arfanyň bir görnüşi.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Ýa-da: her bir dem alýan jandar.
Ýa-da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.