Zebur 21:1—13
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
21 Eý Ýehowa, patyşa seniň güýjüňe buýsanýar+,Halas edişiňi görüp, çäksiz begenýär!+
2 Ýürek arzuwlaryny hasyl edýärsiň+,Agzyndan çykan dilegini kabul edýärsiň. (Sela)
3 Bol-bol bereket berýärsiň,Başyna sap altyndan täç geýdirýärsiň+.
4 Ol senden uzak ömür diledi, dilegini eşitdiň+,Ömrüni uzaltdyň, ebedi ýaşatdyň.
5 Sen ýeňiş bereniňde, ol has-da beýgelýär+,
Şan-şöhraty we abraýy artýar.
6 Ebedi bereket berýärsiň+,Huzuryňda gezip begenýär+.
7 Sebäbi patyşa Ýehowa bil baglaýar+,Allatagalanyň* söýgüsi* bilen ol asla sarsmaz+.
8 Duşmanlaryňy eliň bilen tutarsyň,Sag goluň bilen ýakasyndan ýapyşarsyň.
9 Bellän wagtyňda gelersiň, olary peje atarsyň.
Ýehowa gazaplanyp ýok eder, ot olary ýalmap ýuwudar+.
10 Olaryň nesli, tohum-tiji ýer ýüzünden,Ynsan ogullarynyň arasyndan ýok ediler.
11 Saňa garşy dil düwüşdiler+,Guran hileleri puja çykdy+.
12 Ýaýyňy çekersiň, nyşana alarsyň,Olar yzyna seretmän gaçarlar+.
13 Eý Ýehowa, aýaga gal, güýjüňi görkez!
Gudratyňy wasp edip, aýdym aýdarys.