Zebur 30:1—12

  • Ýas toýa öwrülýär

    • Hudaý ömürboýy ýagşylyk edýär (5)

Öýüň açylyş dabarasynyň şanyna ýazylan aýdym. Dawudyň aýdymy. 30  Seni beýgelderin, eý Ýehowa! Sebäbi meni halas etdiň,Duşmanlaryň üstümden gülmegine ýol bermediň+.   Ýehowa Hudaýym, perýadymy eşidip, aýaga galdyrdyň+.   Eý Ýehowa, meni mazardan* çykardyň+, Maňa ýaşaýyş berip, gabra inmekden sakladyň+.   Ýehowanyň wepaly bendeleri, wasp ediň+,Mukaddes adyna alkyş aýdyň+.   Onuň gahary az salymlykdyr+,Ýagşylygy bolsa ömürboýy dowam edýär+, Agşam agy eşidilse⁠-⁠de, daňdan şatlyk ýaňlanýar+.   Asudalyk döwri: «Men asla sarsmaryn» diýdim.   Eý Ýehowa, menden razy bolanyňda, dag ýaly güýçlüdim+. Menden ýüz öwreniňde, örän gorkdum+.   Seni çagyrýaryn, eý Ýehowa!+Rehim et, ýalbarýaryn, eý Ýehowa!   Men ölsem, mazara insem, saňa ne peýda?+ Topraga siňsem, saňa alkyş aýdarynmy?+Wepaly Hudaýym hakda gürrüň bererinmi?+ 10  Eý Ýehowa, meni eşit, rehim eýle!+ Eý Ýehowa, maňa ýardam ber!+ 11  Sen ýasymy toýa öwürdiň,Ýas eşigimi* çykaryp, toý lybasyny geýdirdiň. 12  Saňa alkyş aýdaryn, dynman wasp ederin. Eý Ýehowa Hudaýym, seni ebedilik şöhratlandyraryn!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Julumy. Sözlüge serediň.