Zebur 35:1—28

  • Duşmanlardan halas et

    • Duşmanlar derbi⁠-⁠dagyn ediler (5)

    • Märekäniň öňünde Hudaýy wasp ederin (18)

    • Sebäpsiz ýere ýigrenýärler (19)

Dawudyň aýdymy. 35  Eý Ýehowa, duşmanlardan hakymy alyp ber+,Ganym duşmanlarym bilen söweş+.   Ululy⁠-⁠kiçili galkanyňy eliňe al+,Aýaga gal, meni gora+.   Naýzaňy we aýpaltaňy alyp, duşmana+ hüjüm et, «Seniň halasgäriň mendirin!» diý+.   Janymyň kastyna çykanlar masgara bolsun, Abraýdan düşsün+,Maňa garşy dildüwşük guranlar ýüzügara bolsun.   Olar saman kimin ýele sowrulsyn,Olary Ýehowanyň perişdesi derbi⁠-⁠dagyn etsin+.   Ýehowanyň perişdesi yzyndan kowsun,Olaryň ýollary garaňky we typançak bolsun.   Olar yrsarap, maňa duzak gurýarlar,Nähak ýere ýoluma çukur gazýarlar.   Goý, bela duýdansyz üstüne gelsin,Öz guran toruna özi düşsün.Öz gazan çukuryna ýykylyp heläk bolsun+.   Men bolsa Ýehowanyň gudratly işlerine şatlanaryn,Halas edişini görüp begenerin. 10  Men bütin janym bilen: «Ýehowa taý geljek barmy?» diýerin. Sebäbi ejizi duşmanlaryndan gutardyň+,Ejizi hem garyby talaňçylardan halas etdiň+. 11  Ýalan şaýatlar maňa garşy çykdylar+,Bilmeýän zatlarym hakda soradylar. 12  Olar ýagşylygyma ýamanlyk etdiler+,Maňa ajy hasrat çekdirdiler. 13  Olar kesellände bolsa jul* geýdim,Gam⁠-⁠gussa batyp, agyz bekledim.Emma Hudaý dogama jogap bermedi. 14  Şonda dostuny, doganyny ýitiren,Ejesini jaýlan adam kimin başymy sallap oturdym. 15  Men ýykylanymda heşelle kakdylar, jem boldular.Meni öldürmek üçin bukuda ýatdylar.Olar topulyp, meni tüýt⁠-⁠müýt etdiler. 16  Hudaýsyz adamlar üstümden gülüp kemsitdiler*,Maňa dişini gyjadylar+. 17  Ýehowa, haçana çenli seredip durjak?+ Olaryň hüjümlerinden meni halas et+,Arslanyň penjesinden janymy gutar+. 18  Şonda men jemagatyň öňünde saňa alkyş aýdaryn+,Märekäniň öňünde adyňy wasp ederin. 19  Sebäpsiz ýere maňa duşman bolanlar begenmesin,Meni ýigrenýänler+ göz gypyp, duzak gurmasyn+. 20  Olar yrsaraýarlar,Ýuwaş adama garşy dil düwüşýärler+. 21  Olar meni aýyplaýarlar, kemsidip:«Içiň ýansyn, saňa geregem şol!» diýýärler. 22  Ýehowa, ähli zady görýärsiň. Dadyma ýetiş!+ Ýehowa, menden ýüzüňi sowma!+ 23  Aýaga galyp, meni gora,Hudaýym Ýehowa, meniň hakymy alyp ber. 24  Hudaýym Ýehowa, adalatly höküm çykar+,Duşmanlarym üstümden gülmesin. 25  Olar hiç haçan: «Saňa geregem şol!Arzuwymyz hasyl boldy» diýmesin. «Biz ony ýalmap ýuwutdyk» diýmesin+. 26  Agyr halyma gülenler masgara bolup, utanja galsyn, Meni kemsiden adamlar ile gülki bolsun. 27  Emma dogruçyldygymy görenler joşup aýdym aýtsynlar.Olar yzyny üzmän: «Arkaýyn ýaşaýan guluna guwanýan Ýehowa şöhrat!»+ diýsinler. 28  Şonda men adalatyň hakda oýlanaryn+,Uzakly gün saňa alkyş aýdaryn+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: Hudaýsyz adamlar meni bir döwüm çörek üçin kemsitdiler.