Zebur 39:1—13
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Ýedutun*+. Dawudyň aýdymy.
39 Men: «Dilim bilen günä etmez ýaly,Her ädimimi dykgatly äderin+.
Bolgusyz adamyň ýanynda dilimi saklaryn» diýdim+.
2 Dymdym, geplemedim+.Ýagşy zatlar hakda-da söz açmadym,Emma derdim beterleşdi.
3 Ýüregim ýandy,
Oýlandygymça, ot bolup tutaşdy.
Şonda men diýdim:
4 «Eý Ýehowa, ömür tanapym haçan kesiler?Ýagty jahanda näçe gün ýaşaryn?+Aýt maňa, ömrümiň gysgadygyny bileýin.
5 Sen ömrümi has-da gysgaltdyň*+,Meniň ömrüm gözüňe görnenok+,
Ynsan kuwwatly görünse-de, ömri bir dem ýalydyr+. (Sela)
6 Ynsan ömri kölege kimin geçip gidýär,
Bütin ömrüni biderek ylgap* geçirýär.
Baýlyk toplaýar, emma hözirini kimiň görjegini bilmeýär+.
7 Eý Ýehowa, kime umyt baglaýyn?
Meniň bar umydym sensiň.
8 Günälerimi bagyşla+.
Akmaklar meni masgara etmesin.
9 Ähli zady sen edýärsiň+,Şonuň üçin men dymdym,Dil ýarmadym+.
10 Üstümden inderen derdiňi aýyr,
Güýçli urgyňdan ýaňa iki büküldim.
11 Günäsi üçin ynsana temmi berýärsiň+,Güýe dek baýlygyny ýok edýärsiň.
Ynsan ömri bir dem ýalydyr+. (Sela)
12 Dilegimi eşit, eý Ýehowa,Perýadymy diňle!+
Gözýaşlaryma biperwaý garama,
Seniň huzuryňda gelmişekdirin+,Ata-babalarym kimin ötegçidirin+.
13 Menden gaharly nazaryňy sow,Ýagty jahandan ötmänkäm, bagtly günleri göreýin».