Zebur 51:1—19

  • Toba eden adamyň dogasy

    • Ejemiň göwresinde galanymdan bäri günälidirin (5)

    • «Günämden arassala» (7)

    • «Maňa päk ýürek ber» (10)

    • Alla toba edýäni halaýar (17)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba+ bilen ahlaksyzlyk edensoň, Natan pygamber ýanyna gelýär. Dawudyň aýdymy. 51  Wepaly söýgä* baý Hudaýym, maňa rehim eýle!+ Rehimdar Allam, günälerimi bagyşla!*+   Meni günälerimden tämizle+,Ýazyklarymdan arassala+.   Men eden günälerimi bilýärin,Ýazyklarym göz öňümden gidenok+.   Saňa, diňe saňa garşy günä etdim+,Ýigrenýän işleriňi etdim+. Seniň aýdanyň hakdyr,Çykaran hökümleriň adalatlydyr+.   Men günäli bolup doguldym,Ejemiň göwresinde galanymdan bäri günäli+.   Sen dogruçyl adamy görüp begenýärsiň+,Maňa öwret, akyldarlyk ýüregimde kök ursun.   Issop oty* bilen günämden arassala, päk bolaýyn+,Meni tämizle, gardan hem ak bolaýyn+.   Goý, gapymda toý* bolsun,Gamgyn göwnüm* galkynsyn+.   Günälerimi geç+,Ýazyklarymy bagyşla!*+ 10  Ýa Allam, maňa päk ýürek ber+,Aň⁠-⁠düşünjämi täzele+, berk duraýyn*. 11  Meni huzuryňdan kowma,Mukaddes ruhuňy menden alma. 12  Seniň halas edişiňi görüp, ýene⁠-⁠de şatlanaýyn+,Mende saňa gulak asmaga isleg döret. 13  Jenaýatçylara ýollaryňy öwrederin+,Günäkärleri toba etmäge çagyraryn. 14  Halasgär Hudaýym+, bigünä gany dökenim üçin bagyşla+,Şonda adyl işleriňi joşup gürrüň bererin+. 15  Eý Ýehowa, sözlemäge rugsat ber,Dilim seni wasp etsin+. 16  Sen gurbanlyk islemediň, ýogsam bererdim+,Ýakma gurbanlygyny kabul etmediň+. 17  Toba edýäni Hudaý halaýandyr*.Ýa Alla, ýürekden ökünýän,Puşman edýän adamdan ýüz öwürmersiň+. 18  Siona ýagşylyk et,Iýerusalimiň diwarlaryny dikelt. 19  Şonda saňa öküzleri gurbanlyk bererler+,Sen hem ak ýürekden* berilýän gurbanlygy,Ýakma gurbanlygy,Bütinleý berilýän gurbanlygy kabul edersiň.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme-söz: süpürip taşla!
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Döwen süňkleriň.
Ýa-da: şatlyk-şagalaň.
Sözme-söz: süpürip taşla!
Ýa-da: Içime täzeden durnukly ruh ber.
Ýa-da: Gamgyn ýürek Hudaýyň halaýan gurbanlygydyr.
Ýa-da: dogruçyl bolup.