Zebur 52:1—9
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Maskil*. Dawudyň aýdymy. Dawut Agamäligiň öýünde. Edomly Döwek muny Şawula habar berýär+.
52 Hudaýyň söýgüsi* ebedi dowam edýär+.
Eý pälwan, zalymlygyňa näme üçin öwünýärsiň?+
2 Päliýamansyň, hilegärsiň+,Diliň päki kimin ýitidir+.
3 Ýagşylykdan ýamany,Hakykatdan ýalany has köp söýýärsiň. (Sela)
4 Eý hilegär dil,Zäherli sözleri söýýärsiň.
5 Alla seni ebedilik ýok eder+,Ýakaňdan tutup, çadyryňdan süýräp çykarar+.Ýagty jahandan sogrup taşlar+. (Sela)
6 Dogruçyllar muny görüp, haýran galar+,Zalymyň üstünden gülüp+ diýer:
7 «Ol Hudaýy pena edinmedi+,Mal-mülküne guwandy+,Zalymlygyna daýandy».
8 Men Hudaýyň öýünde uly zeýtun agajy kimin bolaryn,Hudaýyň ýagşylygyna* ebedi bil baglaryn+.
9 Eden işleriň üçin seni baky şöhratlandyraryn+,Wepaly gullaryň ýanyndaÝagşy adyňa umyt baglaryn*+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: wepaly söýgüsi.
^ Ýa-da: wepaly söýgüsine.
^ Başga manysy: Adyňa umyt baglamak gowudyr.