Zebur 69:1—36
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Çigildem». Dawudyň aýdymy.
69 Ýa Allam, halas et, gark bolup barýaryn+.
2 Batga batdym, çümüp barýaryn+.
Deňziň düýbüne düşdüm,Güýçli akym alyp barýar+.
3 Perýat etmekden halys ýadadym+,Bokurdagym gyryldy.
Hudaýa garaşyp, gözlerim küteldi+.
4 Sebäpsiz ýere meni ýigrenýän adamlar+,Saçymyň taryndan hem köpdür.
Janymy almak isleýän,Dönük duşmanlarym sanardan köpdür.
Ogurlykda aýyplap, elimdäki zady alýarlar.
5 Eý Hudaý, bilýärsiň, men akmaklyk etdim.Günäm seniň nazaryňda gizlin däldir.
6 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa!Saňa bil baglaýanlar men sebäpli utanja galmasyn.
Ysraýyl Hudaýy!Seni gözleýän bendeler men sebäpli masgara bolmasyn.
7 Seniň üçin kemsitmelere çydaýaryn+,Masgaraçylyga döz gelýärin+.
8 Doganlaryma keseki boldum,Süýtdeş doganlaryma gelmişek boldum+.
9 Seniň öýüňe yhlasym içimde ot kimin ýandy+.Saňa dil ýetirýänler meni-de kemsitdiler+.
10 Agyz bekläp, özümi peseltsem-de*,Meni kemsitdiler.
11 Egnime jul* geýenimi görüp,Il-gün üstümden güldi.
12 Şäher derwezesinde gybatymy etdiler,Serhoşlar men hakda aýdym aýtdylar.
13 Eý Ýehowa, saňa doga edýärin,Makul gören wagtyň dilegimi kabul et+.
Wepaly söýgä* baý Hudaýym, maňa jogap ber,Sebäbi sen hak halasgärimsiň+.
14 Meni batgadan çykar, çümüp gitmäýin.Meni ýigrenýänleriň elinden,
Ummanyň düýbünden halas et+.
15 Siller meni basmasyn+,Deňiz-derýa gark etmesin,Guýynyň düýbüne düşmäýin+.
16 Eý Ýehowa, sen meni söýýärsiň*, maňa jogap ber+,
Maňa rehim eýle, nazar sal+.
17 Guluňdan ýüz öwürme+,
Tizräk maňa jogap ber, halym harapdyr+.
18 Ýetiş, meni halas et,Duşmanlarymyň elinden alyp gal*.
19 Masgara, biabraý we ile gülki bolanymy gördüň+.
Duşmanlarymyň ählisini bilýärsiň.
20 Meni kemsidip, ýüregime ýara saldylar,
Ýaralarym bitmedi.Göwünlik berjegi agtardym, emma tapmadym+,Teselli berjegi gözledim, emma birine-de duşmadym+.
21 Çörek ýerine zäher berdiler+,Suwsanymda turşy şerap berdiler+.
22 Saçaklary olar üçin tor bolsun,Näz-nygmatlary olara duzak bolsun+.
23 Gözleri garaňkyrasyn,Hiç zat görmesin,Aýaklary sandyrasyn.
24 Gaharyň olaryň başyndan insin,Gazabyň olary kül etsin+.
25 Düşelgesi boşap galsyn,Çadyrlarynda hiç kim ýaşamasyn+.
26 Sebäbi olar Hudaýyň uranyny yzarlaýarlar,Ýaralan adamynyň derdine dert goşýarlar.
27 Goý, eden etmişini egni bilen çeksinler*,Sen olary dogruçyllaryň arasynda goýmarsyň.
28 Ýaşaýyş kitabyndan ady öçürilsin+,Dogruçyllaryň arasynda ady agzalmasyn+.
29 Meni kösediler, ejir çekdim+,
Ýa Alla, gudratly güýjüň bilen maňa hemaýat ber.
30 Hudaýyň adyna aýdym aýdaryn,Ony beýgeldip, wasp ederin.
31 Ýehowa üçin alkyş sözleri öküzlerden,Şahly we toýnakly öküzçelerden has ýakymlydyr+.
32 Muny gören ýumşaklar guwansyn.
Hudaýy gözleýänleriň göwni galkynsyn.
33 Ýehowa mätäçleri eşidýär+,Ýesir düşen halkyny unutmaýar+.
34 Goý, asman hem ýer,Deňiz we ondaky jandarlar, Hudaýa alkyş aýtsyn!+
35 Hudaý Siony halas eder+,Ýahuda şäherlerini täzeden dikelder.Hudaýyň halky ýurtda ýaşar, Sion dagyny miras alar.
36 Gullaryň nesli ýurdy miras alar+,Hudaýyň adyny söýýänler+ Sionda ýaşar.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Zar-zar aglap, agyz beklesem-de.
^ Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirýärsiň.
^ Sözme-söz: töleg töläp al.
^ Sözme-söz: Günäsiniň üstüne günä goş.