Zebur 79:1—13
Asafyň aýdymy+.
79 Ýa Alla, halklar mirasyňy taladylar+,Mukaddes ybadathanaňy haram etdiler+,Iýerusalimi harabaçylyga öwürdiler+.
2 Gullaryň jesedini guşlara,Wepaly bendeleriň läşini wagşy haýwanlara şam etdiler+.
3 Iýerusalimde olaryň gany sil deý akdy,Olary jaýlara adam galmady+.
4 Goňşulara ýüzügara bolduk+,Olar ýaňsylap, üstümizden gülýärler.
5 Ýehowa, haçana çenli gaharlanarsyň? Ebedilikmi?+
Gazabyň haçana çenli lowlap durar?+
6 Adyňy çagyrmaýan patyşalyklaryň,Seni äsgermeýän milletleriň başyna gazabyňy inder+.
7 Sebäbi olar Ýakuby ýok etdiler,Watanyny çöle öwürdiler+.
8 Bize ata-babalarymyzyň günäsi üçin temmi berme+.
Tiz ýetiş, rehim eýle+,Biz ýere siňip barýarys.
9 Halasgär Hudaýymyz+,Şöhratly adyň hatyrasyna kömek et.Adyň hatyrasyna günälerimizi bagyşla, halas et+.
10 Halklar: «Olaryň Hudaýy nirede?» diýmesin+.
Halklaryň öňünde gullaryň gany üçin ar al+,Muny bizem göreli.
11 Tussaglykda oturanlaryň ahy-nalasyny eşit+,
Ölüme höküm edilenleri güýçli goluň bilen halas* et+.
12 Eý Ýehowa, goňşulara ýedi esse jeza ber+,Sebäbi olar saňa-da dil ýetirýärler+.
13 Şonda seniň halkyň, öri meýdandaky süriň+,Saňa ebedilik alkyş aýdar,Seni nesilden-nesle şöhratlandyrar+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: azat.