Zebur 84:1—12
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Karun ogullarynyň aýdymy+.
84 Eý Serkerdebaşy Ýehowa,Mukaddes çadyryňy ýürekden söýýärin!+
2 Ýehowanyň howlularyny bütin ýüregim bilen küýseýärin,Küýsemekden ýaňa ysgyndan gaçdym+.
Bütin janym, bütin durkum bilen Biribara aýdym aýdýaryn.
3 Serkerdebaşy Ýehowa!Patyşam, Allam!Seniň beýik gurbanlyk ojagyň* ýanynda,Guşlar özüne öý, garlawaçlar höwürtge ýasaýarlar,Jüýjelerini iýmitlendirýärler.
4 Seniň öýüňde ýaşaýanlar nähili bagtly!+
Olar saňa hemişe alkyş aýdýarlar+. (Sela)
5 Senden güýç-kuwwat alýanlar+,Öýüňe barýan ýoldan ýöreýänler nähili bagtly!
6 Baka jülgesinden geçenlerinde,Ol çeşme-çaýly bolup görünýär.Güýzki* ýagyş bol bereket getirýär*.
7 Olar ýöredigi saýyn, güýçlerine güýç goşular+,Her biri Sionda, Hudaýyň huzurynda durarlar.
8 Serkerdebaşy Ýehowa, meniň dilegimi eşit!Ýakubyň Hudaýy, meni diňle! (Sela)
9 Galkanymyz+ hem Hudaýymyz*, seret!Saýlanyňa ýagşylyk et!+
10 Seniň howlularyňda geçiren bir günüm,
Başga ýerde geçiren müň günümden gowudyr+.Erbet adamyň çadyrynda ýaşanymdan,Hudaýyň öýüniň bosagasynda duranym ýagşydyr.
11 Ýehowa Hudaýym güneşimdir+, galkanymdyr+,Maňa bereket berýär, abraýymy artdyrýar.
Ýehowa wepaly* ynsandan+Ýagşylygyny gaýgyrýan däldir.
12 Serkerdebaşy Ýehowa,Saňa bil baglaýan adam nähili bagtly!+
Çykgytlar
^ Başga manysy: Mugallym alkyş donuny geýýär.
^ Ýa-da: Irki.
^ Başga manysy: Eý Hudaý, galkanymyza seret!
^ Ýa-da: aýypsyz.