Zebur 95:1—11
95 Geliň, şatlanalyň, Ýehowa alkyş aýdalyň!
Halasgär Arkadagy ýeňiş aýdymy bilen wasp edeliň+.
2 Oňa alkyş aýdyp, huzuryna baralyň+,Geliň, ýeňiş aýdymyny aýdalyň.
3 Sebäbi Ýehowa beýik Hudaýdyr.Ähli taňrylardan beýik Patyşadyr+.
4 Zeminiň düýbi, daglaryň depesi onuň elindedir+.
5 Deňzi ýaradan oldur, deňziň eýesi oldur+,Toprak hem elleriniň işidir+.
6 Geliň, baş egip, sežde edeliň!Ýaradanyň, Ýehowanyň huzurynda dyza çökeliň+.
7 Sebäbi ol Hudaýymyzdyr,Biz bolsa onuň halky,Bizi goýunlary kimin bakýar+.
Şu gün onuň sesine gulak asyň+:
8 «Çöldäki Meribada* we Messada* bolşy ýaly,Ýüregiňizi gatatmaň+.
9 Ol ýerde ata-babalaryňyz meni synadylar+,Eden işlerimi görseler-de+, maňa garşy çykdylar.
10 Men ol nesli 40 ýyllap ýigrenip:
„Olar hemişe öz bilenini edýär,Ýollarymdan ýöremek islemeýär“ diýdim.
11 Men gaharlanyp ant içipdim:
„Olar meniň bilen dynç almaz“»+.