Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sözbaşy

Mukaddes Kitap Beýik Allanyň adamlara ýazan haty. Mukaddes Kitap Allany has gowy tanamaga kömek edýär (Ýahýa 17:3; 2 Timoteos 3:16). Ýehowa Hudaý hatynda Ýeri we adamlary näme niýet bilen ýaradandygyny aýdýar (1 Musa 3:15; Ylham 21:3, 4).

Dünýäde hiç bir kitap şu kitap ýaly adamyň durmuşyny üýtgedýän däldir. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň söýgi, rehimdarlyk we mähribanlyk ýaly häsiýetleri barada gürrüň berilýär. Hudaýyň Sözi gelejege umyt berýär we agyr kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Mukaddes Kitapda Allanyň niýet eden ýaşaýşyndan adamlaryň örän daşlaşandygy aýdylýar (Zebur 119:105; Ýewreýler 4:12; 1 Ýahýa 2:15—17).

Hudaýyň Sözi ýewreý, arameý we grek dilinde ýazyldy. Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir kitaplary takmynan 3 000 dile terjime edildi. Mukaddes Kitap dünýäde iň köp dile terjime edilen we ýaýradylan kitapdyr. Biz muňa geň galmaýarys, sebäbi Mukaddes Kitapda şeýle pygamberlik bar: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» (Matta 24:14).

Mukaddes Kitapdaky habar örän ähmiýetli. Şol sebäpli habary dogry we düşnükli terjime etmegi maksat edindik. Şeýle-de okamak aňsat bolar ýaly ýönekeý sözleri ulandyk. Goşmaça maglumatda getirilen «Mukaddes Kitabyň terjime edilişi», «Kitabyň aýratynlyklary» we «Mukaddes Kitap — ynama mynasyp» atly makalalarda Mukaddes Kitabyň nädip terjime edilendigi barada jikme-jik gürrüň berilýär.

Ýehowa Hudaýy söýýän, ak ýürekden sežde edýän adamlar dogry we düşnükli terjime edilen Mukaddes Kitaby okamak isleýärler (1 Timoteos 2:4). Şonuň üçin köp dillere terjime edilen «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» türkmen diline-de terjime edildi. Hormatly okyjylar! Biz siziň Hudaýy gözleýändigiňizi, tapmaga jan edýändigiňizi bilýäris (Resullar 17:27). Siziň üçin doga-dileg edýäris we «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» göwnüňizden ­turar diýip umyt edýäris.

Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň komiteti