Mukaddes Kitap bilen tanyşlyk
Mukaddes Kitapda ýazylan Hudaýyň sözleri häzirem peýdaly. Ol bagtly bolmagy we Hudaýy razy etmegi öwredýär. Şeýle-de şu soraglara jogap berýär:
MUKADDES KITAPDAN AÝATLARY NÄDIP TAPMALY?
Mukaddes Kitap 66 kitapdan ybarat bolup, iki bölüme bölünýär. Birinji bölümi ýewreý we arameý dilinde ýazylan Töwrat («Köne äht»), ikinjisi bolsa grek dilinde ýazylan Injil («Täze äht»). Kitaplar baplara we aýatlara bölünýär. Mukaddes Kitapdan aýat getirilende, kitabyň adyndan soň ilki babyň, soňra aýadyň sany getirilýär. Meselem, 1 Musa 1:1 diýlende, Musa pygamberiň birinji kitabynyň 1-nji babynyň 1-nji aýady göz öňünde tutulýar.