8-NJI SORAG
Adamlaryň horluk çekýändigine Hudaý günäkärmi?
«Hak Hudaý asla erbetlik etmez, Gudratygüýçli adalatsyzlyk etmez».
«Synaga düşende hiç kim: „Hudaý meni synaýar“ diýmesin, sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, Hudaý hem hiç kimi synamaýar».
«Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär».
«Käbir adamlar eglenýär diýseler-de, Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirmäge eglenmeýär, gaýtam siziň üçin sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär».