18-NJI SORAG
Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?
«Dogalary eşidýän Hudaý! Ähli adamlar huzuryňa barar».
«Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň».
«Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly».
«Aslynda, ol (Hudaý) hiç kimden uzakda däldir».
«Doga edip, söýgiňiziň artmagyny, dogry bilimiňiziň köpelmegini we Hudaýyň islegine doly düşünmegiňizi dileýärin».
«Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýär».
«Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar. Eý günäkärler, elleriňizi arassalaň! Eý ikigöwünliler, ýürekleriňizi tämizläň!»
«Hudaýy söýmek tabşyryklaryny berjaý etmegi aňladýar. Tabşyryklaryny berjaý etmek bolsa kyn däl».