2-NJI SORAG
Hudaýy tanamak üçin näme etmeli?
«Kanunyň sözleri diliňden düşmesin. Ähli tabşyryklary birkemsiz berjaý eder ýaly, Kanuny gije-gündiz okap, gowy oýlan. Şonda paýhasly hereket edersiň, edeniň ugruna bolar».
«Lewiler hak Hudaýyň Kanunyny okap, manysyny gowy düşündirýärdi. Olar halka okalan zatlara düşünmäge kömek etdiler».
«Erbetleriň maslahatyna eýermeýän... adam bagtlydyr. Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar... Ähli işinde üstünlik gazanar».
«Filipus arabanyň ýanynda ylgap barýarka, weziriň Işaýa pygamberiň kitabyny sesli okaýandygyny eşidip: „Okaýan zatlaryňa düşünýäňmi?“ diýip sorady. Ol: „Biri düşündirmese, nädip düşüneýin?“ diýdi».
«Hudaý göze görünmese-de, ýaradan zatlaryndan gudratly güýjüni we häsiýetlerini görüp bolýar. Şonuň üçin hiç kim Hudaýy tanamaýaryn diýip, özüni aklap bilmez».
«Şol zatlar hakda oýlan, olara bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler».
«Geliň, biri-birimize ünsli bolup, birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň... ýygnaklardan galmagy endik edinmäliň».
«Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýär».