6-NJY SORAG
Mukaddes Kitapda Mesih barada nähili pygamberlikler bar?
PYGAMBERLIK
«Beýtullaham Efrafa... Ysraýylyň hökümdary senden çykar, ol islegimi berjaý eder».
ÝERINE ÝETIŞI
«Hirodesiň höküm süren döwri Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa doguldy. Birnäçe wagtdan Gündogardan Iýerusalime müneçjimler geldi».
PYGAMBERLIK
«Donumy paýlaşýarlar, eşigim üçin bije atýarlar».
ÝERINE ÝETIŞI
«Esgerler Isany pürse çüýläp, eşiklerini dörde bölüp, özara paýlaşdylar. Ýöne içki eşiginiň bitewi dokalandygyny görüp, biri-birine: „Muny ýyrtmalyň, bije atalyň, kime düşse, şol alsyn“ diýdiler».
PYGAMBERLIK
«Onuň süňklerini goraýar, hiç biri-de döwülmez».
ÝERINE ÝETIŞI
«Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, onuň eýýäm ölendigini görüp, aýagyny döwmediler».
PYGAMBERLIK
«Ol biziň günälerimiz üçin ýaralandy».
ÝERINE ÝETIŞI
«Esgerleriň biri naýzasyny alyp, Isanyň böwrüne sançdy welin, gan bilen suw akdy».
PYGAMBERLIK
«Olar maňa 30 kümüş teňňe berdiler».
ÝERINE ÝETIŞI
«12 resulyň biri Iuda Iskariýot uly ruhanylaryň ýanyna gitdi. Ol: „Isany tutmaga kömek etsem näme berersiňiz?“ diýdi. Olar 30 kümüş teňňe bereris diýdiler».