5-NJI SORAG
Mukaddes Kitabyň esasy temasy näme?
«Seniň bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmançylyk salaryn. Ol seniň kelläňi mynjyradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň».
«Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly bereket alar, sebäbi sen maňa gulak asdyň».
«Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn!»
«Tizden parahatlyk berýän Hudaý siziň aýagyňyzyň astynda Şeýtany mynjyradar».
«Hudaý ähli zady Ogluna tabyn etdirenden soň, Ogluň özi-de ähli zady tabyn etdiren Hudaýa tabyn bolar. Şonda ähli zadyň üstünden diňe Hudaý hökümdarlyk eder».
«Ybraýyma we onuň nesline wadalar berildi... Şol adam Mesihdir... eger Mesihe degişli bolsaňyz, onda siz Ybraýymyň nesli».
«Dünýäniň patyşalygy Hudaýymyzyň we onuň Mesihiniň Patyşalygy boldy. Hudaý baky we ebedilik patyşa bolup höküm sürer».
«Iblis we Şeýtan diýip atlandyrylýan köne ýylan, bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýan uly aždarha perişdeleri bilen ýere zyňyldy».
«Ol aždarhany, ýagny Iblis we Şeýtan diýilýän köne ýylany tutup, 1 000 ýyllyk baglady».