7-NJI SORAG
Mukaddes Kitapda biziň günlerimiz barada näme diýilýär?
«Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar... Emma olar betbagtçylygyň başlangyjydyr».
«Ençeme ýalan pygamberler döräp, köp adamlary aldarlar. Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köp adamlaryň söýgüsi sowar».
«Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Howsala düşäýmäň, sebäbi şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir».
«Güýçli ýertitremeler, käbir ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar. Adamlar gorkunç zatlary we gökde uly alamatlary görerler».
«Soňky günlerde juda kyn döwür bolar. Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene-atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa, dogan-garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän, dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl-de, keýpi-sapany söýýän, Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýan adamlar bolar».