Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

JW LIBRARY

Edebiýatlary ýükläň we peýdalanyň. Android

Edebiýatlary ýükläň we peýdalanyň. Android

Ýüzlerçe kitaplary, broşýuralary, kitapçalary we wideolary «JW Library» programmada internetsiz okap we görüp bilersiňiz. Siz näçe köp edebiýat almak isleseňiz, ýükläp, soňra internetsiz okap we öwrenip bilersiňiz.

Edebiýatlary ýükläp almak we okamak üçin aşakdaky görkezmelere eýeriň.

 Edebiýaty ýüklemek

Siz islendik möçberde edebiýat ýükläp, olary internetsiz okap bilersiňiz.

  • Menýuny açyp, Edebiýatlar bölümini saýlaň, siz edebiýatlaryň sanawyny görersiňiz.

  • Edebiýatlaryň näçe dilde bardygyny görmek üçin Diller düwmesine basyň. Size gerek dili saýlaň. Iň köp ulanýan diliňiz sanawyň başynda bolar. Şeýle-de siz başga dili ýazyp, gözläp bilersiňiz.

«JW Library» programmada edebiýatlary tapmagyň birnäçe usullary bar.

Görnüşi boýunça diýen bölüm öz diliňizdäki edebiýatlary kitaplar, kitapçalar we wideolar diýen toparlara bölüp görkezýär. Bu bölümdäki käbir toparlaryň gurluşy, «Garawul diňini» ýyllary boýunça ýa-da wideolary görnüşi boýunça tapmaga kömek edýär. Ähli görnüşi diýen söze bassaňyz, ýene-de esasy bölüme dolanarsyňyz.

Täzeler diýen bölümde okaýan diliňizdäki soňky çykan zatlary görüp bilersiňiz.

Ýüklenilmedik edebiýatlarda bulut şekilli belgi bolýar. Ýüklejek edebiýatyňyzy saýlaň. Edebiýaty ýükläniňizden soň, bulut şekilli belgi ýiter. Edebiýaty okamak üçin onuň üstüne basyň.

Ýüklendi diýen bölüm siziň islendik dilde ýüklän ähli edebiýatlaryňyzy görkezýär. Siz olary Köp okalýanlar, Seýrek okalýanlar ýa-da Ululygy boýunça diýen tertipde goýup bilersiňiz.

Edebiyaty aýyrmak

 Eger size boş ýer gerek bolsa ýa-da käbir edebiýatlary ulanmaýan bolsaňyz, olary aýryp bilersiňiz.

Menýuny açyp, Edebiýatlar bölümine basyň, soňra haýsam bolsa bir edebiýatyň görnüşini (meselem, Kitaplar) saýlasaňyz, edebiýatlaryň sanawyny görersiňiz. Aýyrmak üçin ilki Başga diýen düwmä basyň, soňra Aýyr diýen sözüň üstüne basyň.

Eger size boş ýer gerek bolsa, onda seýrek ulanýan ýa-da köp ýer tutýan edebiýatlary aýryp bilersiňiz. Ýüklendi diýen bölüme giriň, soňra Seýrek okalýanlar ýa-da Ululygy boýunça diýen söze basyň. Ulanmaýan edebiýatlaryňyzy aýryň.

Edebiýaty täzelemek

 Siziň öňki ýüklän edebiýatlaryňyz käte täzelenmegi mümkin.

Täzelenen edebiýatda aýlaw şekilli belgi bolýar. Edebiýatyň üstüne basanyňyzda, onuň täzelenendigi barada ýazgyny görersiňiz. Täzelemek üçin Ýükle diýen söze basyň, eger täzelemek islemeseňiz, Soňrak diýen sözüň üstüne basyň. Ýüklän edebiýatlaryňyzyň täzelenendigini görmek isleseňiz, menýuny açyň, Edebiýatlar bölümine giriň. Eger täzelenen zatlar bar bolsa, Täzelenenler diýen bölüm peýda bolýar. Şol bölüme girseňiz, ähli täzelenen edebiýatlary görüp bilersiňiz. Täzelemek üçin edebiýatyň üstüne basyň ýa-da ählisini täzelemek üçin Hemmesini täzele diýen düwmä basyň.

Şu funksiýalar 2015-nji ýylyň fewralynda çykan «JW Library» 1.4 wersiýasyna goşuldy. Ol Android 2.3 ýa-da ondan soňky wersiýalarynda işleýär. Eger siz şu funksiýalary görmeýän bolsaňyz, «JW Library» programmany ulanyň. Android» diýen makalanyň içindäki «Täze funksiýalar» diýen bölümde berilýän görkezmä eýeriň.